Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

  • 19.06.2025 09:53
  • 9.9k+

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar.

Ikinji orny bloger, telekeçi we kinoprodýuser Dhar Mann eýeledi. Ol 56 mln dollar gazandy, onuň auditoriýasy 137 mln adama ýetýär. Üçlügi inflýuenser we professional boksçy Jeýk Pol jemleýär. Onuň girdejisi 50 mln dollar, yzarlaýjylarynyň sany – 79 mln. Noýabr aýynda Poluň Maýk Taýson bilen geçiren söweşi jemgyýetde uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle-de, sanawa TikTok-yň täze ýyldyzlary – Aliks Erl, Jeýk Şeýn, Nara Smit girdi. Bulardan başga-da, “Call Her Daddy” podkastyny alypbaryjy Aleks Kuper, YouTube blogeri Ms. Rachel, aýdymçy we tansçy Eddison Reý hem-de komikler Druski we Adam W bar.
Reýtinge täze goşulanlaryň arasynda dijeý we TikTok blogeri Xandra, hukukçy we şahsy maliýe hünärmeni Erika Kullberg hem-de model Wisdom Kaye bar.
Şu ýyl Forbes-iň sanawyndaky 50 blogeriň umumy girdejisi tas 853 mln dollar boldy – bu 2024-nji ýyldakydan 18,5% köpdür. Ähli gatnaşyjylaryň umumy auditoriýasy 3,37 mlrd adama ýetýär, bu hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende 25% köpdür.
Reýting düzülende Forbes üç ölçegi göz öňünde tutdy: girdeji, telekeçi işjeňligi we abraýy (ululygy we adamlary özüne çekmegi).


24.01.2026 15:31
2.9k+

TikTok-yň amerikan wersiýasy gutarnykly täze kompaniýanyň gözegçiligine geçdi

TikTok özüne ABŞ-da işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýän ylalaşygyň ýapylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu onuň Amerikadaky işlerini Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan aýyrýandygyny aňladýar. TikTok-y gadagan etmek pikirini ilki Donald Tramp 2020-nji ýylda, birinji prezidentlik möhletinde öňe sürdi we başlangyç Jo Baýdeniň döwründe has-da güýçlendi...

24.01.2026 09:42
1.2k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...

17.01.2026 15:15
2.5k+

Mark Sukerberg işgärleri üçin 300%-e çenli bonuslar ulgamyny girizýär

Şu ýyl Mark Sukerberg Meta kompaniýasynda iň gowy işlänler üçin täze bonuslary we işiň netijelerini bahalandyrmak ulgamyny girizýär diýip, Business Insider habar berýär. Bonuslaryň möçberi dürli ölçeglere esaslanar...

13.01.2026 13:28
8.1k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...