Instagram awtorlar üçin Rings baýragyny esaslandyrdy

  • 09.10.2025 14:36
  • 1.4k+

Instagram iň batyrgaý hem özboluşly pikirli 25 awtory ykrar etjek Rings baýragyny çykarandygyny habar berdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Ýeňijiler modadan we ýüz bezeginden başlap, sport we güýmenje ýaly dürli mazmun kategoriýalaryna wekillik ederler. Baýrak žanr ýa-da format babatda çäklendirilmeýär. Ol belli bir surat ýa-da wideo üçin däl-de, batyrgaýlyk we özboluşlylyk ruhy üçin gowşurylar. Kompaniýanyň blogunda belleýşi ýaly, bu baýrak "döredijilikli synag etmekden we ähli zady özüçe ýerine ýetirmekden gorkmaýan" awtorlar üçin niýetlenendir.
Emin agzalaryna Instagram-yň baş direktory Adam Mosseri ýolbaşçylyk etdi. Onuň düzümine tanymal sungat işgärleri, şol sanda kino režissýory Spaýk Li we dünýäniň beýleki döredijilik adamlary girdi.
Ýeňijiler iňlis moda dizaýneri Greýs Uels Bonner tarapyndan taýýarlanan fiziki ýüzükleri alarlar, olaryň profillerinde bolsa awatarlarynyň we taryhlarynyň  töwereginde altyn halkalar peýda bolar.
Ilkinji ýeňijiler 2026-njy ýylda yglan ediler.


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
949

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

10.04.2026 19:09
3.3k+

Instagram basym Reels-e linkleri goşmak mümkinçiligini elýeterli etmekçi

Instagram täze funksiýany - Reels wideolaryna hyzmatdaşlyk linklerini goşmak mümkinçiligini elýeterli etjekdigini duýdurdy. Bu barada resmi Creators akkaundy yglan etdi....