Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial ulgamlary gadagan etmäge taýýarlanýar

  • 16.02.2026 16:54
  • 3.5k+

Beýik Britaniýanyň hökümeti çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyny çäklendirmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada The Times gazeti habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, premýer-ministr Kir Starmer degişli kanunyň kabul edilmegini çaltlandyrmak üçin ýörite ygtyýarlyklardan peýdalanmakçy. Bu kadanyň eýýäm şu ýylyň dowamynda güýje girmegine garaşylýar.

Maslahatlaşylýan çäreleriň arasynda şu aşakdakylar bar:

  • 16 ýaşdan kiçi ýetginjekler üçin sosial ulgamlary ulanmagy doly gadagan etmek;
  • Smartfonlar üçin «komendant sagadyny» girizmek;
  • Täzelikler akymyny tükeniksiz geçirip durmakdan (scrolling) ýüz öwürmek;
  • Çat-botlar bilen özara gatnaşyklara çäklendirme girizmek.

Şeýle hem, gadagan edilen kontentlere girmegi kynlaşdyrmak üçin VPN hyzmatlaryny blokirlemek mümkinçiligine seredilýär.
Leýboristler partiýasyndan 60-dan gowrak deputat çagalary «düzgünleşdirilmeýän, özüne öwrenişdiriji platformalardan» goramak çagyryşy bilen açyk hata gol çekdi. Oppozisiýa wekilleri bolsa, öz gezeginde, hökümeti «wagt ýitirmekde» günäledi we goşmaça geňeşmeler bolmazdan gadaganlygyň girizilmegini talap etdi.
«Tehnologiýalar kanunlardan has çalt ösýär. Meniň hökümetim Britaniýany onlaýn-howpsuzlyk meselelerinde lidere öwrer» – diýip, Kir Starmer belledi.


19.06.2026 19:18
3.3k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......