Instagram-da Reels tekliplerini sazlamaga mümkinçilik berýän algoritm işe girizildi

  • 12.12.2025 18:12
  • 1.2k+

Instagram ulanyjylara Reels gysga wideo tekliplerine täsir edýän temalary görmäge we üýtgetmäge mümkinçilik berýän Your Algorithm guralyny işe girizdi. Bu barada TechCrunch habar berýär.


Täze bölüm ýokarky sag burçda iki çyzykly we ýürekli nyşanjyga basylandan soň açylýar. Onda ulanyjynyň hereketi we maglumatlaryň emeli aň algoritmleri tarapyndan işlenmeginiň esasynda düzülen gyzyklanmalaryň sanawy görkezilýär.
Hyzmat Instagram-yň has laýyk hasaplaýan temalaryny görkezýär we haýsy temalary köp ýa-da az görkezmelidigini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Sanawda ýok temalary elde goşup hem bolar, şondan soň teklipler täzelener. Şeýle-de, öz islegleriňi gysgaça beýan etmek bilen Stories-de paýlaşmak mümkinçiligi göz öňünde tutuldy.
Funksiýa ABŞ-da 10-njy dekabrdan bäri işleýär we ýakyn wagtda programmanyň iňlis dilindäki wersiýasynyň beýleki ulanyjylary üçin elýeterli bolar. Geljekde bu guraly Explore we beýleki bölümlere goşmak meýilleşdirilýär. 


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
949

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

10.04.2026 19:09
3.3k+

Instagram basym Reels-e linkleri goşmak mümkinçiligini elýeterli etmekçi

Instagram täze funksiýany - Reels wideolaryna hyzmatdaşlyk linklerini goşmak mümkinçiligini elýeterli etjekdigini duýdurdy. Bu barada resmi Creators akkaundy yglan etdi....