Fransiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy çagalar üçin sosial torlaryny gadagan etmegi goldady

  • 28.01.2026 09:48
  • 2.2k+

Fransiýanyň Milli assambleýasy 15 ýaşdan kiçi çagalara we ýetginjeklere sosial ulgamlaryny ulanmagy gadagan edýän kanun taslamasyny goldady. "Le Figaro" neşiriniň habar bermegine görä, resminama üçin 130 deputat: "Goldaýarys", 21 parlamentariý bolsa, "Garşy" diýip, ses berdi.

Sanly tehnologiýalar ministri Ann Le Enanffyň aýtmagyna görä, indiki tapgyrda bu başlangyç Ýokarky palatada, ýagny Senatda serediler. Bu ýagdaý ýakyn hepdelerde amala aşyrylmalydyr.
Şeýle hem Kanun taslamasy mekdeplerde we kollejlerde eýýäm hereket edýän öýjükli telefonlary ulanmak gadaganlygyny hem göz öňünde tutýar. Bu başlangyjyň awtorlary şeýle çäreleriñ geçirilmegi çagalary zyýanly mazmundan, ekrana garaşlylykdan, kemsitmekden we onlaýn yzarlamalardan goramak zerurlygy bilen düşündirýärler.
"Le Figaro" neşiri eger kanun gutarnykly kabul edilse, Fransiýanyň Ýewropada jemgyýetçilik ulgamlaryna girmek üçin ýaş çägini bellän ilkinji ýurt boljakdygyny belleýär.

"Biziň çagalarymyzyň beýnisi satlyk däl. Bu ne amerikan platformalaryna, ne-de hytaý ulgamlaryna degişli" — diýip, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron X jemgyýetçilik ulgamynda ýazgy galdyrdy. Ol kanunyň indiki okuw ýylyndan güýje girip bilmegi üçin serediş prosedurasyny çaltlandyrmagy talap etdi.

Mundan ozal Fransiýa kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sanly giňişligi çäklendirmäge synanyşypdy. 2023-nji ýylda häkimiýetler 15 ýaşdan "sanly kämillik" döwrüni girizmegi ara alyp maslahatlaşypdylar, emma ol wagt Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygy bilen dörän gapma-garşylyklar sebäpli bu başlangyjy durmuşa geçirip bilmändiler.
Ýakynda Awstraliýanyň parlamenti 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlaryny ulanmagy kanun taýdan eýýäm gadagan etdi. Bu, dünýäde şeýle gadagançylygyň kanun derejesini alan ilkinji ýagdaýydyr. Indi tehnologiýa äleminiň ägirtleri kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň platformalara girmezligi üçin çäre görmeli: düzgün bozulmalary 49,5 million awstraliýa dollaryna ($33 mln) çenli jerime salnar.
Meňzeş çäreler Daniýada hem ara alnyp maslahatlaşylýar.


şu gün 14:28
328

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
3.9k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.9k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......