LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

  • 29.05.2026 07:13
  • 1.3k+

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek borçnamasyny berkidýär. Bu barada «WWD» neşiri ýazýar.

«Adam hukuklaryna hormat goýmak — diňe bir etiki zerurlyk däl, eýsem konglomeratyň işiniň durnuklylygynyň hem şertidir» diýlip, resminamada bellenilýär.

Resminama “Adam hukuklary baradaky Halkara bill” ýaly halkara konwensiýalaryna esaslanýar. Onuň düzgünleri diňe bir toparyň düzümine girýän kompaniýalara däl, eýsem LVMH-niň üpjün edijilerine we iş hyzmatdaşlaryna hem degişlidir.

Hartiýa zähmet şertleri, kemsitmeler, zorluk, medeni özleşdirme, daşky gurşawy goramak we ýaragly çaknyşyklar ýaly meseleleri öz içine alýar.

LVMH-de adam hukuklary boýunça wise-prezident wezipesine kompaniýa geçen aý goşulan Juli Wallat bellenildi. Ol «Dior», «Louis Vuitton», «Tiffany & Co.» we «Sephora» ýaly toparyň ähli brendlerinde täze strategiýany ornaşdyrmaga jogapkär bolar. Ozal Wallat «L'Oréal» kompaniýasynda şeýle wezipede işläpdir, şeýle hem «Total» kompaniýasynda adam hukuklary ugruna ýolbaşçylyk edipdir.


düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.4k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......