Instagram uly ekranlara çykar: Onuň telewizorlar üçin niýetlenen görnüşi taýýarlanýar

  • 25.12.2025 12:06
  • 1.5k+

Meta kompaniýasy kese ekranly telewizorlarda mazmunlary görmek üçin niýetlenen Instagram for TV programmasyny işe girizýär. Sosial ulgamyň täze görnüşi uly ekranlara uýgunlaşdyryldy we ol, esasan, wideo mazmunlary görmäge gönükdirilendir.

Programma Amazon Fire TV enjamlarynda synagdan geçirmek üçin ABŞ-da elýeterli boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, ýakyn aýlarda goldanylýan enjamlaryň sanawy giňeler we hyzmat beýleki sebitlerde-de elýeterli bolar.
Ulanyjylar bäş sany hasaba alnan ýazga (akkaunta) çenli goşup bilerler ýa-da diňe teleýaýlymlary görmek üçin aýratyn akkaunt döredip bilerler. Wideorolikler gyzyklanmalara görä mowzuklaýyn kanallara bölünen, şeýle hem gözleg funksiýasy göz öňünde tutulan.
Meta, şeýle hem bu hyzmatyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini mälim etdi. Geljekde programmany smartfonyň kömegi bilen dolandyrmak, täzelikler lentasyny paýlaşmak mümkinçiligini goşmak we interfeýs boýunça nawigasiýany kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.


27.05.2026 15:30
1.7k+

«Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» serialynyň III möwsümi noýabrda çykar

Amazon MGM Studios kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» (Властелин колец: Кольца власти) serialynyň üçünji möwsüminiň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Prime Video platformasynda......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....