Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

  • 12.05.2026 14:49
  • 4.4k+

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler.

«Bezos Earth Fund» gaznasynyň üsti bilen geçirilen bu serişdeler tebigatda öz-özünden çüýräp bilýän dokma süýümlerini, sintetik ýüpegi we beýleki innowasion materiallary döretmäge gönükdiriler. Täze materiallar moda senagatynyň daşky gurşawa ýetirýän zyýanly täsirini azaltmaga kömek eder.

Ekologlar Amazon korporasiýasynyň işiniň tebigaty uly möçberde hapalaýandygyna ünsi çekip, bu ädimi tankytlaýarlar. Emma gaznanyň wekilleri «Bezos Earth Fund» gaznasynyň özbaşdakdygyny we Amazon-dan garaşsyz işleýändigini tekrarlaýarlar.

Amazon kompaniýasy hem öz gezeginde 2040-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly galyndylary doly görnüşde iň pes derejä düşürmek meýilnamasynyň bardygyny mälim edýär.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

27.05.2026 15:30
1.7k+

«Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» serialynyň III möwsümi noýabrda çykar

Amazon MGM Studios kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» (Властелин колец: Кольца власти) serialynyň üçünji möwsüminiň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Prime Video platformasynda......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....