«Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» serialynyň III möwsümi noýabrda çykar

  • 27.05.2026 15:30
  • 1.7k+

Amazon MGM Studios kompaniýasy «Ýüzükleriň hökümdary: Hökmürowanlyk ýüzükleri» (Властелин колец: Кольца власти) serialynyň üçünji möwsüminiň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Prime Video platformasynda görkezilip başlanjakdygyny habar berdi.

Şeýle-de, kompaniýa Çarli Wikerziň ýerine ýetirmeginde Tümlügiň hökümdary Sauronly kadry hödürledi. Serialyň wakalary Ortaýeriň Ikinji eýýamynda — «Hobbitiň» we «Ýüzükleriň hökümdary» trilogiýasynyň wakalaryndan has öň bolup geçýär.

Taslamanyň sýužeti Sauronyň häkimiýete gelmegine we Hökmürowanlyk ýüzükleriniň döredilmegine bagyşlanýar. Resmi beýanata görä, üçünji möwsüm tomaşaçylary ikinji möwsümiň wakalaryndan birnäçe ýyl öňe äkider. Esasy wakalar elfleriň we Sauronyň arasyndaky uruş döwründe bolar. Sauron Ortaýeri öz eline almak üçin Ählihökmürowanlyk ýüzügini döretmäge synanyşar.

Täze bölümlerde Eregionyň syndyrylmagy, elfleriň gaçyp gitmegi we Sauronyň täsiriniň has-da güýçlenmegi görkeziler diýlip garaşylýar. Wakada Elrondyň, Riwendelliň we Khazad-dumuň girdenekleriniň hem möhüm orun eýelemegi mümkin.

Amazon MGM Studios kompaniýasynyň telewideniýe ugrunyň ýolbaşçysy Piter Fridlander tomaşaçylaryň seriala bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygyny belledi. Mundan ozal, telewideniýe taryhyndaky iň gymmat seriallaryň biri bolmagyna garamazdan, tomaşa görkezijileriniň durnuksyzlygy sebäpli taslamanyň geljegi dürli soraglary ýüze çykarypdy.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......