TikTok, Instagram we Facebook ýetginjekler üçin howpsuzlyk synaglaryndan geçmäge razy boldylar

  • 11.02.2026 17:26
  • 5.8k+

Häzirkizaman iň iri sosial ulgamlary bolan TikTok, Instagram, Facebook we Snapchat öz platformalarynyň ýetginjekleriň ruhy saglygy üçin näderejede howpsuzdygyny anyklajak garaşsyz barlaglardan meýletin geçmäge razy boldylar. The Washington Post neşiriniň habar bermegine görä, geljekde beýleki platformalaryň hem bu synaglara goşulmagyna garaşylýar.
Barlag düzgüni hukuk goraýjylar tarapyndan taýýarlanyldy.
Ýeterlik bal toplan platformalara howpsuzlygyň tassyknamasy hökmünde gök galkan görnüşli nyşan berler. Synagdan geçip bilmedik hyzmatlar bolsa, zyýanly kontenti netijeli çäklendirip bilmeýän platformalar hökmünde bellige alnar.
Hünärmenler sosial ulgamlarynda tükeniksiz tazelikler akymynyň görkezilmegine goýlan çäklendirmeleri, meýletin ýa-da mejbury arakesme funksiýalary, algoritmleriň, moderasiýanyň we mahabatyň aýdyňlygyny barlaýarlar.
Hukuk goraýjylar bu başlangyjyň tehnologik kompaniýalary üýtgetjekdigine we olaryň öz gurallaryny işläp düzmek hem-de ornaşdyrmak usullaryna hakykatdan hem täsir etjekdigine umyt edýärler. Taslamany dizaýner we telekeçi Kennet Koul tarapyndan esaslandyrylan «Ruhy saglyk meseleleri boýunça koalisiýa» goldaýar.
5-nji fewralda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) başlygy Tedros Adanom Gebreýesus hem sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrypdy. Ol çagalar üçin ýüze çykýan zyýanyň diňe bir onlaýn geçirilen wagt bilen däl, eýsem platformalaryň «zyýanly we endik etdiriji gurluşy» bilen hem baglanyşyklydygyny aýdyp, olaryň garaşsyz gözegçilikden geçmeginiň zerurdygyny nygtapdy.
Awstraliýa bu babatda herekete geçip, çagalara sosial ulgamlaryny ulanmagy gadagan eden ilkinji ýurt boldy. 10-njy dekabrdan bäri bu ýurtda 16 ýaşyna ýetmedik şahslar üçin çäklendirmeler hereket edýär. Şoňa laýyklykda, on sany iri platforma, şol sanda TikTok, YouTube we Instagram ýetginjekleriň girmegini bökdemäge borçludyr.


19.06.2026 19:40
2.4k+

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......

19.06.2026 19:38
563

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

17.06.2026 10:36
2k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......