BSGG-niň başlygy çagalary goramak üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmesiniň girizilmegini goldady

  • 07.02.2026 07:33
  • 2.9k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançesiň ýaşlary durmuş ulgamlarynyň «zäherleýji äleminden» goramak baradaky ideýasyny goldady we olarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy. Bu barada TASS agentligi habar berýär.
«Platformalar çagalaryň howpsuzlygyny we saglygyny gorajak görnüşde işlenip düzülen bolmalydyr» diýip, BSSG-niň ýolbaşçysy bu barada X sosial torunda hem ýazdy. Onuň aýtmagyna görä, munuň üçin, beýleki çäreler bilen bir hatarda, ulanyjylaryň hakyky ýaşlaryna görä çäklendirmeleri girizmek zerurdyr.
Gebreýesus ispan premýer-ministri bilen ylalaşýandygyny belläp, sosial ulgamlaryny düzgünleşdirilmegiň we bu hakyndaky hasabatyň uly ähmiýete eýedigini sözüniň üstüne goşdy. BSSG-niň başlygynyň pikiriçe,  çagalara ýetirilýän zyýan diňe bir sosial torlary ulanmak bilen däl-de, eýsem olaryň gurluşynyň hili bilen hem baglydyr. Şu nukdaýnazardan sosial ulgamlaryň zyýanly we endige öwrülmek howpuny döredýän gurluşyna garşy göreşmek zerurdyr we bu işe garaşsyz bilermenleri çekmek has dogry we netijeli bolar.


18.05.2026 14:46
4.4k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

10.05.2026 18:46
4.2k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.2k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....

03.04.2026 12:06
4.6k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......