BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

  • 18.05.2026 14:46
  • 5k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi. Bu iki ýurtda kesellemegiň 330-dan gowrak güman edilýän ýagdaýy anyklanyldy, onlarça adam ýogaldy.

BSGG-niň habar bermegine görä, keseliň ýaýramagy Bundibugio wirusy (Ebola wirusynyň bir görnüşi, Ugandanyň günbataryndaky Bundibugio okrugynyň hatyrasyna şeýle atlandyryldy) sebäpli ýüze çykdy. Gurama dörän ýagdaýyň COVID-19-yň derejesindäki pandemiýa ölçeglerine gabat gelmeýändigini, şonuň üçin hem halkara serhetleri ýapmak barada maslahat berilmändigini belledi. Şol bir wagtda wirusyň Kongo bilen goňşy bolan ýurtlara ýaýramak howpy ýokary diýlip bahalandyrylýar.

BMG-niň saglygy goraýyş meseleleri boýunça agentliginiň beýanatynda aýdylmagyna görä, Kongonyň Ituri welaýatynda azyndan üç sany sebitde, şol sanda welaýatyň merkezi Buniýa şäherinde, Mongwalu we Rwampara şäherlerinde kesel sebäpli bolan diýlip güman edilýän 88 ölüm ýagdaýy, barlaghana tarapyndan tassyklanan 8 ýagdaý we 246 şübheli ýagdaý hasaba alyndy. Bu sebitlerde altyn magdanlary gazylyp alynýar.

Keselleme hadysasy keseliň ýaýran zolagynyň daşynda hem ýüze çykaryldy: ýurduň paýtagty Kinşasada Ituri welaýatyndan dolanyp gelen bir adamda kesel ýagdaýy tassyklandy.

Ugandanyň paýtagty Kampalada bolsa barlaghana tarapyndan tassyklanan iki ýagdaý hasaba alyndy, olaryň biri ölüm bilen tamamlandy. Kesellänleriň ikisi hem Kongo DR-den geldi.

BSGG Bundibugio wirusyna garşy tassyklanan hiç hili sanjymyň hem-de derman serişdeleriniň ýokdugyny mälim etdi. Mundan öň ýurtda bolup geçen epidemiýalaryň hemmesi (diňe birinden başgasy) Zair ştammy sebäpli döräpdi.

Gurama keseli tassyklanan adamlary aýratynlykda saklamagy, näsaglar bilen galtaşykda bolanlary her gün yzygiderli gözegçilikde saklamagy, ýurt içindäki syýahatlary çäklendirmegi we wirusly adamlar bilen galtaşanlaryň galtaşykdan soňky 21 günüň dowamynda halkara syýahatlara çykmagyny gadagan etmegi maslahat berdi.

Ebola gyzzyrmasy organizmiň suwuklyklary, şol sanda gan, tüýkülik, gusuk we beýleki biologik bölünip çykmalar arkaly geçýän agyr wirus keselidir.


26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......