BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

  • 06.05.2026 16:42
  • 5.3k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi.

Guramanyň berýän maglumatlaryna görä, kesellemegiň jemi ýedi ýagdaýy hasaba alyndy: olaryň ikisi tassyklanan we bäşisi güman edilýän ýagdaýlardyr. Kesellänleriň üçüsi aradan çykdy.

Gämi 1-nji aprelde Argentinanyň Uşuaýa şäherinden ugrap, Kabo-Werde tarap ýola düşdi. Syýahat wagtynda ýolagçylar Antarktidada we Günorta Atlantikanyň adalarynda boldy. Ilkinji kesellän adam — Niderlandlaryň raýaty — 6-njy aprelde özüni erbet duýup başlady we 5 günden soň aradan çykdy. 24-nji aprelde onuň jesedi gämiden Atlantik ummanyndaky Keramatly Ýelena adasyna eltildi. Merhumyň aýaly hem jesedi ugratmak üçin gämiden düşdi. 25-nji aprelde GAR-a uçuş wagty aýalyň hem ýagdaýy ýaramazlaşýar we ol 26-njy aprelde Ýohannesburgdaky hassahanada ýogalýar.

Soňra Beýik Britaniýanyň raýatynda hem keseliň alamatlary ýüze çykdy we ol GAR-a ewakuasiýa edildi. Barlaglar onda hantawirusyň bardygyny tassyklady.

2-nji maýda gäminiň bortunda Germaniýadan bolan ýolagçy aýal hem aradan çykdy, onuň ölüminiň sebäpleri anyklanylýar. Ýene birnäçe adamda — ekipažyň iki agzasynda we ýogalan ýolagçy bilen galtaşykda bolan bir adamda kesel alamatlary bar, ýöne olaryň keselländigi heniz tassyklanmady.

Häzirki wagtda gämi Kabo-Werde kenarlarynda labyrda dur. Bortda izolýasiýa çäreleri amala aşyrylýar we kesellänleri ewakuasiýa etmäge taýýarlyk görülýär. Şondan soň laýneriň Kanar adalaryna tarap ugramagyna we ol ýerde beýleki ýolagçylaryň gämiden düşüp, lukmançylyk barlagyndan geçmegine garaşylýar.

Hantawiruslar — gemrijiler arkaly ýaýraýan wiruslar toparydyr. Adamlar, köplenç, gemrijileriň galyndylary bolan tozy dem arkaly içine çekende, seýrek ýagdaýlarda bolsa gemrijiler dişlände keselleýär. Bu patogenler bütin dünýäde duş gelýär. Her ýyl ýüzlerçe müň kesel ýagdaýy hasaba alynýar we olaryň köpüsi Hytaýda bolup geçýär. Günbatar ýarymşarda ýaýran hantawiruslar, esasan, öýkeni, gündogardakylar bolsa böwregi zaýalaýar. Günbatar ýarymşaryň ýokanç keselleri has howpludyr: Aziýada we Ýewropada ölüm derejesi 15%-den geçmeýän bolsa, Demirgazyk we Günorta Amerikada bu görkeziji 50%-e ýetip bilýär.

Hantawiruslara garşy ýörite sanjym ýa-da bejergi usuly ýok — diňe alamatlary bejerip bolýar.

BSGG «Hondius» gämisinde wirusyň diňe bir gemrijilerden däl-de, eýsem adamdan adama hem geçen bolmagynyň mümkindigini belledi, bu bolsa hantawiruslar üçin örän seýrek ýagdaýdyr. Muňa garamazdan, bortdaky, takmynan, 150 adam üçin ýokuşma töwekgelçiligi pes diýlip bahalandyrylýar.

«Käbir ýagdaýlarda kesel agyr geçse-de, ol adamdan adama aňsatlyk bilen geçmeýär. Umuman alanyňda, ilat üçin töwekgelçilik pesligine galýar. Howsala düşmäge ýa-da syýahat çäklendirmelerini girizmäge zerurlyk ýok» — diýip, BSGG-niň Ýewropa boýunça sebit direktory, doktor Hans Klýuge «Bi-bi-si» beren interwýusynda belledi.


düýn 18:05
1.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......