BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

  • 10.05.2026 18:46
  • 4.3k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi.

Ol özüniň X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda «MV Hondius» kruiz gämisinde «Andes» ştammynyň anyklanandygyna garamazdan, hünärmenleriň bu ýagdaýa jemgyýetçilik saglygy üçin pes derejeli howp hökmünde baha berýändiklerini nygtady.

BSGG-niň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, «epidemiýa» sözi adamlarda 2020-nji ýylyň wakalaryny ýatladyp, dowul döredip biler, ýöne bu gezekki ýagdaý koronawirus ssenariýasynyň gaýtalanmagy däl. Häzirki wagtda gäminiň içinde keseliň alamatlary bolan hiç hili ýolagçy hasaba alynmady.

Guramanyň hünärmenleri gönümel «MV Hondius» gämisiniň içinde iş alyp barýarlar we olar ähli zerur derman hem-de lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edildi.

Ispaniýanyň häkimiýetleri adamlary Granadillýa portuna howpsuz düşürmek üçin anyk meýilnama taýýarladylar. Ol ýerden ýolagçylar berk gözegçilik astyndaky ýörite ugurlar arkaly öz ýurtlaryna ugradylar.

Gebreýesus Tenerife adasynyň ýaşaýjylaryna ýüzlenip, ewakuasiýa edilýän adamlaryň ýerli ilat bilen hiç hili gatnaşygynyň bolmajakdygyna we munuň doly öňüniň alnandygyna ynandyrdy.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....