Instagram aýda 3 mlrd ulanyja baryp, Facebook bilen WhatsApp-yň yzyndan ýetdi

  • 26.09.2025 19:44
  • 1.4k+

Meta-nyň baş direktory Mark Sukerberg Instagram sosial ulgamynyň indi aýda üç milliarddan gowrak işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar berdi. Şeýlelikde, platforma şu ýyl üç milliard aýlyk ulanyjy görkezijisinden geçen Facebook bilen WhatsApp sosial ulgamlarynyň yzyndan ýetdi.

Bu netijäni Instagram 2022-nji ýylyň oktýabrynda ulanyjylarynyň sany iki milliarddan geçenden soň iki ýyldan az wagtyň içinde gazandy. CNBC-niň belleýşi ýaly, Sukerberg jemgyýetiň ösüşini “haýran galdyryjy” diýip atlandyrdy.
2024-nji ýylyň aprelinde Meta indi öz programmalarynyň her biri boýunça ulanyjy sany barada aýratyn maglumatlary bermejekdigini aýtdy. Indi kompaniýa ähli hyzmatlarynda gündelik işjeň ulanyjylaryň sany barada hasabat berýär. Iýulda bu görkeziji 3,48 milliard bolup, 3,45 milliarda garaşan analitikleriň çaklamasyndan ýokary boldy. 


19.06.2026 19:38
601

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......