Instagram CapCut-yň stilinde Edits wideoredaktoryny çykardy

  • 26.04.2025 09:18
  • 4.4k+

Instagram täze Edits wideoredaktoryny hödürledi. Programma eýýäm ýükläp almak üçin Android-de we iOS-da elýeterli. Bu TikTok işläp düzüjileriniň CapCut programmasy ýaly aýratyn programmadyr.

Edits wideolary döretmek we redaktirlemek üçin onlarça gurallary hödürleýär. Funksiýalaryň arasynda – amatly wagt şkalasy, aýdym-saz, subtitr goşmak we wideolary göni Instagram-da ýa-da Facebook-da ýerleşdirmek mümkinçiligi bar.
Ulanyjylar göni programmada wideo düşürip, ýörite nyşanlar bolmazdan redaktirläp biler. Elýeterli gurallaryň arasynda “ýaşyl ekran” effekti, emeli aňa esaslanýan funksiýalar: şekil animasiýasy, obýektleri kesip almak we hili ýokarlandyrmak bar.
Şeýle-de, Edits-de Inspiration we Ideas bölümleri bar. Bu ýerde ideýalary gözlemek we halan wideolaryňy saklamak bolýar. Mundan başga-da, auditoriýanyň gyzyklanmalaryna düşünmäge kömek edýän analitika elýeterli.
Instagram programmany kämilleşdirmegini dowam etdirýär. Kadrdaky obýektleriň animasiýasy üçin “Keyframes” we wideo stilini üýtgetmek üçin emeli aňly “Modify” ýaly täze funksiýalar taýýarlanýar. Bilelikdäki redaktirlemäni, täze şriftleri, effektleri we tekst animasiýalaryny goşmak meýilleşdirilýär.
Programma App Store we Google Play arkaly mugt ýaýradylýar.
Häzirki wagtda CapCut hem ABŞ-da elýeterli. Wagtlaýyn gadagan edilenden soň, ol programmalar dükanyndan aýrylypdy, ýöne Prezident Donald Tramp gadagan etmegiň möhletini 75 gün yza süýşürenden soň ýene gaýdyp geldi. 


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....