Meta kompaniýasy Reels-i plagiatdan goramak üçin täze gural döretdi

  • 19.11.2025 10:18
  • 628

Meta kompaniýasy Facebook-da Reels awtorlaryna öz wideolaryny awtoryň rugsady bolmazdan beýleki ulanyjylaryň ulanmagyndan goramaga kömek edýän täze Facebook Content Protection guralyny hödürledi.

Haçan-da ulgam wideonyň rugsatsyz ulanylandygyny anyklanda, awtor bu barada habarnama alýar we näme etmelidigini saýlap biler: Facebook-da we Instagram-da wideony blokirlemek, onuň tomaşalaryny yzarlamak ýa-da öz profiline “original” belligi bilen ssylka goşmak. Eger awtor garşylyk bildirmese, ol wideony paýlaşmaga rugsat berip biler.
Gural awtorlyk hukuklaryny goramak üçin Rights Manager bilen birmeňzeş tehnologiýa boýunça işleýär. Awtorlar öz kontentlerini ulanmaga resmi taýdan rugsat berlen akkauntlaryň sanawyny düzüp biler; ulgam şeýle wideolary göçürme hökmünde bellemez.
Gorag Facebook-da ýerleşdirilen ýa-da Instagram-dan krossposting funksiýasy arkaly ýüklenen wideolara degişlidir. Bu awtorlary platformada öz işleri bilen işjeň paýlaşmaga höweslendirýär.
Gural Facebook Content Monetization maksatnamasyna gatnaşýan we dogruçyllyk hem özboluşlylyk talaplaryna laýyk gelýän awtorlara awtomatik taýdan elýeterlidir. Beýlekiler bolsa Professsional kabinet ýa-da Meta saýtynda ýörite bölüm arkaly arza berip biler. Häzir funksiýa mobil wersiýada işleýär, desktop wersiýasy bolsa entek synagdan geçirilýär. 


19.06.2026 19:38
563

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......