"Altyn aralygy" tapmaly: sosial mediadan doly ýüz öwürmek ýetginjekler üçin zyýanly bolup biler

  • 21.01.2026 23:49
  • 3k+

JAMA Pediatrics žurnalynda çap edilen täze gözlegde sosial media ortaça kadada ulanmagyň ýetginjekler üçin has peýdalydygy anyklandy. Bu endigi aşa köp ulanmak ýa-da doly saklanmak olaryň psihologiýa rahatlygynyň peselmegine getirip biler. Gözlegiň awtorlary sosial mediada geçirilýän wagtyň ýetginjekleriň ruhy abadançylygyna gönümel dahylynyň ýokdugyny belleýärler. Bu ýagdaý gönümel dahylsyzlykdan hem beter, has çylşyrymly.  

Gözlegiň netijelerine görä, sosial mediany kadaly ulanýan ýetginjekler görkezijileri has göwnejaý. Oňa derek, sosial mediany asla ulanmaýanlaryň ýa-da oňa köp wagt sarp edýänleriň arasynda kynçylykly meseleler tapylýar.
Alymlar barlagda 4-nji synpdan 12-nji synpa çenli yzarlanan 101,000 töweregi awstraliýaly mekdep okuwçylarynyň maglumatlaryny seljerdiler. Çagalar sosial mediada näçe wagt sarp edýändiklerini habar berdiler we özlerini bagtly, kanagatly duýmak, şeýle-de emosional abadançylyklarynyň derejeleri hakda bildiler.
Iň erbet görkezijiler mekdepden soň sosial mediada günde iki sagatdan artyk wagt geçirýän ýetginjekleriň arasynda has köp hasaba alyndy.  Şunda 7-9-njy synplarda gyzlaryň saglyk ýagdaýynyň peselmek ähtimallygy üç esse ýokary, oglanlaryňky bolsa iki esse ýokary boldy. Şeýle-de sosial mediany asla ulanmaýan ýokary synp ýetginjeklerde hem töwekgelçilikli ýagdaýlaryň artandygy anyklandy.

«Bu, häzirki sosial media döwründe ösüp gelýän nesil üçin, onuň düýbünden ulanylmazlygynyň töwekgelçilik döredip biljekdigini subut edýän ilkinji gözleg bolup biler.» diýip, Zucker Hillside hassahanasynyň çagalar we ýetginjekler psihiatriýasy boýunça wise-başlygy Wiktor Fornari belleýär. Onuň pikiriçe, ýetginjekleri sosial mediadan saklamagyň jemgyýetden üzňelige eltip biläýmegi-de ähtimal.  


07.02.2026 07:33
2.7k+

BSGG-niň başlygy çagalary goramak üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmesiniň girizilmegini goldady

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançesiň ýaşlary durmuş ulgamlarynyň «zäherleýji äleminden» goramak baradaky ideýasyny goldady we olarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy...

01.01.2026 18:42
7.8k+

Nýu-Ýork TikTok-y we Instagram-y psihiki saglyk üçin zyýany barada ulanyjylara duýdurmaga borçlandyrdy

Nýu-Ýork ştaty birnäçe sosial ulgamlary ulanyjylara olary ulanmagyň psihiki saglyk üçin zyýanly bolup biljekdigi barada duýdurmaga borçlandyrýan kanuny kabul etdi. Resminama onlaýn-platformalara gözegçiligi güýçlendirmek boýunça has giň halkara tendensiýasynyň bir bölegi boldy...

31.08.2023 23:47
12k+

Gyrgyzystanda çagalaryň psihiki saglygy baradaky alada sebäpli TikTok blok ediler

Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrligi çagalaryň psihiki saglygyna zyýanly hökmünde TikTok sosial ulgamyny blok etmek kararyna geldi. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berýär diýip, interfax.ru belleýär. Bu...

düýn 13:11
996

Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BSGG-niň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi...