Gyrgyzystanda çagalaryň psihiki saglygy baradaky alada sebäpli TikTok blok ediler

  • 31.08.2023 23:47
  • 12k+

Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrligi çagalaryň psihiki saglygyna zyýanly hökmünde TikTok sosial ulgamyny blok etmek kararyna geldi. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berýär diýip, interfax.ru belleýär. Bu karar blokirlemäni amala aşyrmak üçin Sanly ösüş ministrligine iberildi.

“Birnäçe döwlete degişli däl guramalaryň çagalaryň psihiki ösüşine we saglygyna zyýan ýetirýän TikTok sosial ulgamynyň zyýanly täsirleri baradaky ýüz tutmalaryny göz öňünde tutup, Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi respublikanyň çäginde hyzmatyň işini bes etmek kararyna geldi” – diýip, metbugat gullugy habar berýär.

Edara sosial ulgamynyň mazmunyny öwrenip, platformanyň çagalaryň saglygyna we ösüşine zyýan ýetirýän maglumatlara elýeterliligi çäklendirmeýändigini, şeýle-de mazmunyň ýaş kategoriýalaryna gözegçilik etmeýändigini anyklady.


15.06.2026 12:32
5.5k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......