Beýik Britaniýada depressiýaly hassalary futbol bilen “bejererler”

  • 26.07.2025 16:48
  • 5.5k+

Beýik Britaniýada ýeňil we ortaça depressiýasy bolan hassalara lukmançylyk görkezmesi hökmünde futbol oýunlaryna baryp görmek maslahat berler. Özboluşly başlangyç barada The Independent ýazýar.

Taslama Leýboristik partiýadan parlamentiň agzasy Saýmon Ofer we Ecotricity energetika kompaniýasynyň eýesi Deýl Wins tarapyndan işlenip taýýarlandy. Ol Glosterşir graflygynyň lukmançylyk edaralarynda durmuşa geçiriler. Hassalar bäşinji diwizionda çykyş edýän “Forest Grin Rowers” futbol klubunyň öý oýunlaryna mugt gatnaşyp biler. Wins 2010-njy ýyldan bäri bu kluba eýeçilik edýär.
Ozal umumy tejribe lukmany bolup işlän Ofer sport çäreleri derman bejergisiniň ornuny tutup biler diýip hasaplaýar.

“Biziň jemgyýetimiziň iň uly meseleleriniň biri – bu sosial üzňelik. Biz niredir bir ýerlere seýrek çykýarys, uly maşgala bolup ýaşamaýarys, bu bolsa saglyk üçin zyýanly. Futbol – bu aragatnaşyk we öz toparyňy goldamak, emosiýa, öz gündelik durmuşyňdan birneme ünsüňi sowmak we başga bir zady başdan geçirmek mümkinçiligi” – diýip, Ofer aýtdy.

Programma 16-njy awgustda, “Forest Grin Rowersiň” “Ýowil Tauna” garşy birinji öý oýnundan başlar we tutuş möwsümiň dowamynda hereket eder. Petekler klub tarapyndan mugt berilýär.


düýn 12:08
5.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......