Eýran Maşat-Mary ugry boýunça demir ýol gatnawyny işe girizmek meýilleri barada aýtdy

  • 28.07.2025 14:28
  • 18k+

Eýran üç sany täze halkara demirýol ugruny işe girizmek meýilnamasyny mälim etdi. Olaryň arasynda Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Maşat şäheri bilen Türkmenistanyň Mary şäheriniň arasyndaky gatnaw hem bar. Bu barada Eýranyň Milli demirýol kompaniýasynyň (RAJA) baş direktory Jabbar Ali Zakeri "Borna news" agentligine habar berdi.

Zakeriniň sözlerine görä, Maşat — Mary ugry Eýranyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde goşmaça mümkinçilikleri açar. Bu ugur işe girizilenden soňra eýranly ýolagçylar üçin Özbegistana we Täjigistana gitmek has ýeňilleşer, bu bolsa Türkmenistanyň sebitara gatnawlarda üstaşyr halka hökmünde artýan ähmiýetini görkezýär.
Zakeri, şeýle hem, Türkmenistanyň ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça işjeň çäreler görýändigini, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda esasy ulag geçelgesi bolmaga ymtylýandygyny belledi. Mary arkaly täze ugur sebitiň ýolagçy we ýük gatnawlarynda türkmen demirýollarynyň strategik ähmiýetini tassyklaýar.
Türkmenistana ugradyljak ugurdan başga-da, Eýran Tährandan Ankara, şeýle hem Tähran we Maşatdan Owganystanyň Hyrat şäherine ýolagçy demirýol ugurlaryny açmagy meýilleşdirýär. Bu taslamalar sebitiň ýurtlary bilen ulag gatnaşyklaryny giňeltmäge we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini artdyrmaga gönükdirilendir.
Mundan ozal, Eýranyň ulag ministri Farzane Sadeg Aşgabada saparynyň netijesinde, Maşat — Mary ýolagçy demirýol ugrunyň synag işe girizilişi barada Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen deslapky ylalaşyklara gelnendigini habar beripdi.


şu gün 09:50
3.2k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.6k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
7.1k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......