Türkmenistanly talyplar halkara inžener-tehnologik kompaniýalarda tomusky önümçilik tejribesinden geçdiler

  • 26.07.2025 19:41
  • 18k+

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyň talyplary we mugallymlary halkara inžener-tehnologik kompaniýalarda tomusky önümçilik tejribesinden geçdiler.

Tejribelik 1–21-nji iýul aralygynda halkara halypalaryň ýolbaşçylygynda Rumyniýada Tenaris, Bosch Zalău, Bosch Jucu we Emerson kompaniýalarynyň binýadynda, şeýle hem institutyň hyzmatdaşynyň — Kluž-Napoka Tehniki uniwersitetiniň barlaghanalarynda geçirildi.
Üç hepdeläp dowam eden tejribelikde talyplar we mugallymlar tassyklanan maksatnama boýunça IT ugurlarynyň dürli meseleleri bilen işlediler. Tejribäniň maksady - nazary bilimleri berkidip, hünär başarnyklaryny ösdürmek, önümçilikde ulanylýan tehnologiýalar we enjamlar bilen tanyşmak, şeýle hem talyplarda özbaşdak işlemek we toparlaýyn işleşmek endiklerini ösdürmek boldy.
Tejribäniň dowamynda talyplar maglumatlary işlemek ulgamynda akylly enjamlaryň işi bilen tanyşdylar we maglumatlary seljermek üçin maglumat-analitiki web-ugurly akylly ulgamyny taýýarladylar.


Tenaris we Emerson kompaniýalarynyň işgärleri bilen duşuşyklaryň dowamynda talyplar olara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Magtymguly» atly kitaplaryny sowgat etdiler. Şeýle hem institutyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlaryna Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň şygary — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly barada we ýurduň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky goşandy barada gürrüň berdiler.


08.06.2026 23:01
2.6k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......