Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

  • 30.05.2026 17:05
  • 9.3k+

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” adyna eýe bolup, halkara derejede uly üstünlik gazandy.

Amangeldi bu ýokary üstünligi üçin ýörite medal, kubok, diplom we şahadatnama bilen sylaglandy.

“GDA-nyň iň gowy talyby” halkara bäsleşigi Gazagystanyň «Bilim-orkenieti» we «Жаңа Қазақстан» innowasion merkezleri tarapyndan ýurduň Bilim ministrliginiň maglumat goldawy esasynda guralýar. Bu at okuwda, ylymda, sportda, döredijilikde we jemgyýetçilik işlerinde aýratyn tapawutlanan, şeýle-de ýaşlar syýasatyny we halkara gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşýan işjeň talyplara berilýär.

Amangeldi okuwdaky ýokary netijeleri we jemgyýetçilik işlerindäki işjeňligi bilen öz okaýan uniwersitetinde hem ykrar edilmäge mynasyp boldy. Ol 2026-njy ýylyň maý aýynda geçirilen «Ýewraziýa Ýyldyzy 2026» ýaşlar festiwalynyň çäklerinde “Iň gowy daşary ýurtly talyp — 2026” diýen ugurda ýeňiş gazandy we ÝMU-nyň atly diplomy bilen sylaglandy.

2022-nji ýyldan bäri Astanadaky türkmen talyplarynyň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetirip gelýän Amangeldi uniwersitetiň festiwallarynda öz ýurdunyň medeniýetini görkezmek bilen, ýokary okuw mekdebiniň işine-de işjeň gatnaşýar.

Amangeldi Murzaýewiň gazanan üstünlikleri Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan hem ýörite Minnetdarlyk haty bilen aýratyn bellenildi.


düýn 18:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

düýn 11:24
4.1k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

18.06.2026 14:00
3.9k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......

17.06.2026 09:44
2.1k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......