Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Pekiniň uniwersitetinde tejribelik geçdiler

  • 29.07.2025 13:28
  • 7.6k+

14–28-nji iýul aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Hytaýyň däp bolan lukmançylygy boýunça Pekin uniwersitetinde önümçilik tejribeligini geçdiler.

Hytaý tarapy geljekki türkmen lukmanlary üçin baý okuw we medeni maksatnamany taýýarlady. Talyplar öňdebaryjy professorlaryň umumy sapaklaryna gatnaşdylar, däp bolan hytaý lukmançylygynyň usullary boýunça sapaklarda boldular. Tejribeler Pekin uniwersitetiniň klinikalarynda tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Okuw çäreleri talyplara okuwyň dowamynda alan bilimlerini çuňlaşdyrmaga hem-de keselleriň bejergisi we öňüni alşynyň däp bolan we häzirki zaman usullary boýunça amaly başarnyklary edinmäge mümkinçilik berdi.

Mundan başga-da, tejribe alyşmak üçin hytaý lukmançylygynyň taryhyna we däplerine bagyşlanan sergileri öz içine alýan medeni maksatnama guraldy.
Tomusky tejribelik Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Hytaýyň däp bolan lukmançylygy boýunça Pekin uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde geçirildi. Resminama bilelikdäki okuw maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmegi, ylmy gözlegleri alyp barmagy, şeýle hem akademiki alyş-çalyşlary göz öňünde tutýar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......