Täze Toyota Camry 2026 15 görnüşde hödürlenýär

  • 30.07.2025 19:11
  • 24k+

GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy Hytaý bazary üçin resmi taýdan 2026-njy model ýylynyň täze Camry-sini hödürledi.

Ulag üç dürli güýç gurluşy bilen elýeterlidir: 2,0 litrlik atmosfera benzinli hereketlendiriji we 2,0 hem-de 2,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan iki sany özi zarýad alýan gibrid ulgam. Jemi 15 görnüş hödürlenýär, şol sanda täze 2.0 Hybrid Sport Lite görnüşi hem bar.
Camry 2026 şol bir 18 dýuýmlyk teker diskleri bilen häzirki wersiýasynyň dizaýnyny saklap galdy. Ulagyň ölçegleri: uzynlygy — 4950 mm, ini — 1850 mm, beýikligi — 1450 mm. Teker bazasy — 2825 mm. Kuzowy alty reňkde hödürlenýär: Platinum White Pearl, Titanium Silver, Cyber Gray, Smoky Crystal Black, Dazzling Red we Opal Silver. Salonda iki görnüşli içki bezeg bar: Ivory White (süýt reňkli ak) we Starry Black (gara ýyldyzly).

Esasy wersiýa 173 at güýji bolan 2,0 litrlik atmosfera hereketlendiriji we basgançaksyz (wariator) geçiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. 2,0 litrlik motora esaslanýan gibrid ulgam 197 at güýjüni öndürýär, geçiriji — e-CVT elektromehaniki wariator. Iň ýokary görnüşi bolan 2,5 litrlik gibrid ulgam 230 at güýjüni üpjün edýär, geçiriji hem e-CVT.
Camry 2.0 Hybrid Sport Lite wersiýasy sport stilindäki doly aerodinamiki bezeg toplumy bilen tapawutlanýar — radiator gözenegi, sport görnüşli öň bamper, kiçi gara yzky spoýler we iki reňkli 18 dýuýmlyk teker diskleri bar.
Modele görä bahasy 24 müňden 36 müň dollara çenli üýtgeýär (171,8 müňden — 259,8 müň ýuana çenli).


düýn 21:15
2.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....