Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi suwdaky jandarlaryň günorta süýşmegine getirdi

  • 26.07.2025 12:54
  • 22k+

Hazar deňzi gözegçiligiň bütin taryhynda rekord pes derejä – ýörite Baltika ulgamy boýunça minus 29 metre ýetdi. Şeýle maglumatlary Bütinrussiýa balyk hojalygy ylmy-gözleg institutynyň Hazar şahamçasynyň hünärmenleri berýär diýip, TASS belleýär.

Çuňluklaryň üýtgemegi we gury ýerleriň emele gelmegi sebäpli suwdaky köp organizmleriň ýaşaýyş çägi kem-kemden günorta süýşýär. Suwuň azalandygy, esasan, Russiýanyň we Gazagystanyň kenarlaryny ýuwýan deňziň demirgazyk böleginde has bildirýär. Ol ýerde külke we hazar takgazy ýaly derýa we deňiz balyklarynyň köpelmegi üçin şertleriň ýaramazlaşýandygy hem-de hazar düwlenleriniň sanynyň azalýandygy hasaba alyndy.  
Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, Hazaryň derejesi 2020-nji ýyldan soň güýçli peselip başlady. Diňe 2022-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda 29 sm azaldy. Munuň sebäpleri global ýylamanyň netijesinde suwuň güýçli bugarmagy we guýýan derýalardan suwuň alynmagy boldy. Wolgada suwuň azlygy saklanan ýagdaýynda Hazaryň derejesi geljek bäş-alty ýylyň içinde ýene bir metr aşak düşüp biler.


16.02.2026 15:06
9.8k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...

15.02.2026 17:58
5.5k+

Fin aýlagyny soňky on ýylyň dowamynda görülmedik derejede buz örtdi

2026-njy ýylyň fewralynda Fin aýlagyndaky buzuň meýdany soňky on ýyl boýunça iň uly derejesine ýetdi. Bu barada Helsingin Sanomat gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, buzuň galyňlygy häzirki wagtda 10-dan 40 santimetre çenli ýetýär...

05.02.2026 18:47
8.8k+

Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy.  Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar...

16.01.2026 09:05
2.9k+

2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi

2025-nji ýyl XIX asyryň ortalarynda yzygiderli gözegçilik başlany bäri iň yssy ýyllaryň sanawynda üçünji boldy. Bu barada ÝB-niň «Copernicus» klimat agentliginiň we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian habar berýär...