Fin aýlagyny soňky on ýylyň dowamynda görülmedik derejede buz örtdi

  • 15.02.2026 17:58
  • 5.7k+

2026-njy ýylyň fewralynda Fin aýlagyndaky buzuň meýdany soňky on ýyl boýunça iň uly derejesine ýetdi. Bu barada Helsingin Sanomat gazeti habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, buzuň galyňlygy häzirki wagtda 10-dan 40 santimetre çenli ýetýär. Buz gatlagy kenar ýakasy boýunça uzalyp, Botnik we Fin aýlaglarynyň arasyndaky Arhipelag deňzine çenli bardy.
Şeýle-de bolsa Fin aýlagy tutuşlygyna doňmady. Finlýandiýanyň meteorologiýa institutynyň bilermeni Aleksi Arolanyň düşündirişine görä, buz yzygiderli deňiz tarapa süýşýär, eger ozal onuň ugry gündogara tarap bolan bolsa, indi Finlýandiýanyň kenaryna tarap üýtgedi.



Soňky gezek meýdany boýunça şuňa meňzeş buz gatlagyny 2011-nji ýylyň gyşynda synlamak miýesser edipdi. Şonda Baltika deňziniň tutuş demirgazyk bölegi buz bilen örtülip, iň ýokary görkeziji 25-nji fewralda 309 müň kwadrat kilometr diýlip hasaba alyndy.
Adatça, buzuň iň köp mukdary Fin aýlagynyň gündogar böleginde emele gelýär. Gyş maýyl gelse, kenarýaka sebitleri durnukly buz gatlagyndan mahrum galýarlar.


17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 16:12
4.5k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......