Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

  • 16.02.2026 15:06
  • 10k+

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy. «Corriere Lecce» neşiriniň ýazmagyna görä, bu waka hut 14-nji fewralda, Aşyk-magşuklaryň gününde bolup geçdi.
Sebitiň habarynda bellenilişi ýaly, bu waka kenarýaka zolagynyň gowşaklygyny görkezýär. Häzirki wagtda kenarýaka çyzygy öňküden has çalt üýtgeýär we bu ýagdaý meşhur landşaftlaryň ejizligini ýene bir gezek subut edýär.
Apuliýanyň infrastruktura we mobillik boýunça geňeşçisi Raffaele Pýemonteze bu tebigy obýekt bilen bilelikde sebitiň «köpçülikleýin ýatlamalarynyň, landşaftynyň we özboluşlylygynyň» bir böleginiň ýitirilendigini nygtady. Ol şeýle hem klimatyň üýtgemegi sebäpli weýran ediji ýagdaýlaryň çaltlanýandygyna ünsi çekdi we öňüni alyş çärelerini görmäge çagyrdy.
Melendunýonyň häkimi Maurisio Çisternino bu hadysany «ýürege urlan elhenç urgy» diýip atlandyrdy. Ol häkimligiň mundan ozal kenarýakany goramak boýunça taslamany taýýarlandygyny, ýöne ony durmuşa geçirmäge serişdäniň ýetmändigini mälim etdi.
«Bolup geçen wakany nazara almak bilen tebigatyň özüniň beren bu duýduryşyny ünsden düşürmezlik üçin maliýeleşdirişiň artdyrylmagyna umyt edýäris» – diýip, ol Facebook sahypasynda ýazdy.
Pýemonteze Çisternino bilen habarlaşyp, gynanç bildirdi. Ol şeýle tebigy obýektleriň ýerli gymmatlyk hökmünde goralyp saklanmagynyň wajypdygyny belledi.


17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 16:12
4.5k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......