Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

  • 16.03.2026 16:46
  • 8.2k+

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär.

Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar. Günüň dowamlylygynyň şeýle tizlik bilen artmagy soňky 3,6 million ýylyň dowamynda syn edilmändi.

Gije-gündiziň uzynlygy hemişelik däl we ol takyk 24 sagada deň däldir. Ol Aýyň dartyş güýjüniň, şeýle hem Ýeriň içindäki, ýüzündäki we atmosferasyndaky geofiziki ýagdaýlaryň täsiri bilen üýtgeýär.

Alymlar häzirki wagtda bolup geçýän üýtgeşmäniň esasy sebäpleriniň biri hökmünde gury ýer bilen ummanyň arasyndaky agramlygyň gaýtadan paýlanmagyny görkezýär. Bu ýagdaý polýar buzluklarynyň we dag buzluklarynyň eremegi netijesinde deňiz derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli ýüze çykýar.

Şeýle üýtgeşmeleriň ozal hem bolup-bolmandygyny anyklamak üçin gözlegçiler ummanyň düýbünde ýaşaýan mikroskopik deňiz organizmleri bolan bentos foraminiferleriň galyndy gabyklaryny öwrendi. Olaryň himiki düzümi gadymy deňiz derejesi baradaky maglumatlary saklaýar. Alymlar matematiki modelleriň kömegi bilen soňky 2,6 million ýylyň dowamynda umman derejesiniň we Ýeriň aýlanma tizliginiň üýtgeşmelerini dikeltdi.

Adamzat üçin şeýle üýtgeşmeleriň kän bir täsiri ýok. Emma olar hemra nawigasiýasy, kosmos enjamlarynyň işi we astronomik gözegçilikler ýaly sekuntyň müňden bir böleginiň takyklygy möhüm bolan ulgamlar üçin uly ähmiýete eýedir.


24.03.2026 07:08
3.9k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...