Superbakteriýalar 2050-nji ýyla çenli dünýä ykdysadyýetine ýylda $1,7 trln ýitgi getirip, ölüm derejesini ýokarlandyryp biler

  • 24.07.2025 14:28
  • 8.3k+

2050-nji ýyla çenli antibiotiklere durnuklylyk (AMR) dünýä ykdysadyýetine ýylda 1,7 trln dollara çenli möçberde zyýan ýetirip, ölüm derejesini ep-esli ýokarlandyryp biler. Şeýle maglumatlary 122 ýurdy gurşap alan Global ösüş merkezi öňe sürýär diýip, The Guardian ýazýar.

Çaklamalara görä, uly ykdysadyýetler has güýçli zyýan çeker. ABŞ-nyň JIÖ ýitgisi ýylda 296 mlrd dollara, Hytaýyňky – 722 mlrd dollara, ÝB ýurtlarynyňky – 187 mlrd dollara ýetip biler. Beýik Britaniýada ýitgi ýylda 58,6 mlrd dollar diýlip hasaplanýar.
Baha beriş we saglyk görkezijileri institutynyň (IHME) maglumatlaryna görä, AMR sebäpli ölüm sany 60% ýokarlanyp biler. ABŞ-da antibiotiklere durnukly ýokanç keseller her ýyl 1,34 mln adamyň, Beýik Britaniýada 184 müň töweregi adamyň ölümine getirip biler. Bejergi üçin çykdajylar hem artar: ABŞ-da – ýylda 15,5 mlrd dollardan 57 mlrd dollara çenli, Beýik Britaniýada – 900 mln dollardan 3,7 mlrd dollara çenli.
Bilermenler ýagdaýyň ýaramazlaşmagyny ösýän ýurtlara berilýän goldawyň azalmagy bilen baglanyşdyrýar: ABŞ maliýeleşdirmegi 80%, Beýik Britaniýa umumy milli girdejiniň 0,5%-den 0,3%-ine çenli azaltdy. Bu AMR bilen göreşi gowşadýar we onuň hatda “uly ýedilikde” hem ýaýramagyna getirýär.
Täze antibiotikleri işläp taýýarlamak üçin maýa goýumlar artdyrylan we bejergi ösdürilen ýagdaýynda ABŞ-nyň JIÖ-si ýylda 156 mlrd dollar, Beýik Britaniýanyňky 12 mlrd dollar ýokarlanyp biler. Hünärmenler gyssagly hereketleriň – syýasy çözgütleriň, täze derman serişdeleriniň we ilata antibiotikleriň wiruslara garşy netijesizdigi barada habar bermegiň zerurdygyny belleýär.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......