BMGÖM Türkmenistana kliniki barlaghanalar üçin enjamlary we reaktiwleri getirdi

  • 23.11.2025 00:31
  • 3.2k+

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (ÖM) Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Türkmenistanyň kliniki-barlaghana gullugyny güýçlendirmek» atly taslamanyň çäginde laboratoriýa enjamlarynyň, reaktiwleriň we sarp ediş serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny Türkmenistana gowşurdy.

BMGÖM-niň metbugat beýannamasyna görä, umumy gymmaty 586 müň amerikan dollaryndan gowrak bolan bu ýüke stol üsti sentrifugalar, gany almak üçin bir gezeklik probirkalar we kliniki-laboratoriýa barlaglaryny geçirmek üçin giň gerimli reaktiwler toplumy girdi. Olaryň arasynda ganyň umumy we biohimiki derňewi, koagulogramma (ganyň lagtalanmagy) üçin reaktiwler, şeýle hem B we C wirusly gepatitleri anyklamak üçin IFA (immunoferment analizi) test-toplumlar bar.
Bu enjamlar we serişdeler ýurduň ähli ýerindäki kliniki barlaghanalara paýlanar.
Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän bu taslama, kliniki-barlaghana gullugyny döwrebaplaşdyrmaga, laboratoriýalaryň durnukly işlemegini üpjün etmäge hem-de etraplarda, şäherlerde, welaýat merkezlerinde we paýtagtda anyklaýyş hyzmatlarynyň derejesini, hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......