Alymlar süňkleriň öz-özüni dikeltmegine kömek etmegiň ýoluny tapdylar

  • 23.11.2025 20:23
  • 6.4k+

Alymlar köp ýyllardan bäri süňk dykyzlygynyň peselýän we döwülme howpuny ýokarlandyrýan kesel bolan – osteoporoz keselini öwrenýärler. Häzirki dermanlar süňk dokumasynyň ýumrulmagyny haýalladýar ýa-da gysga wagtlyk onuň ösüşini höweslendirýär, emma käbirleri ýaramaz täsirleri döredýär.

Leýpsig uniwersitetiniň professory Ines Libşeriň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary bedeniň süňkleri tebigy ýol bilen dikeltmegine kömek etjek ähtimal usuly tapandyklaryny habar berdiler. Netijeler Signal Transduction and Targeted Therapy žurnalynda çap edildi.
Alymlar GPR133 reseptoryny öwrendiler. Bu reseptor süňk dokumasyny emele getirýän öýjükler bolan osteoblastlaryň işini başlatmak üçin bir geçiriji ýaly hereket edýär. Ol işjeňleşdirilende süňkler has berk bolýar.
Kompýuter derňewiniň kömegi bilen alymlar GPR133-i işjeňleşdirýän AP503 atly bir madda tapdylar. Bu madda sagdyn syçanlarda we osteoporozdan ejir çekýän syçanlarda süňkleriň berkligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. GPR133 geni bolmadyk syçanlaryň süňkleri gowşak we inçe bolup, adaty syçanlarda bolsa AP503 bilen reseptoryň işjeňleşdirilmegi süňkleriň göwrümini we berkligini artdyrdy.
Topar, şeýle hem, menopauza (aýbaşy gutarandan soňky döwür) modelini barlady, bu döwürde estrogeniň ýitirilmegi süňk massasynyň azalmagyna getirýär. AP503 esasy görkezijileri, şol sanda osteoblastlaryň sanyny kadalaşdyrdy we süňkleriň ýumrulmasynyň alamatlaryny azaltdy.
Alymlar daşarky agramdan ýa-da goňşy öýjüklerden gelýän signallaryň GPR133-i işjeňleşdirýändigini, cAMP derejesini ýokarlandyrýandygyny we beta-katenin belogyny durnuklaşdyrýandygyny düşündirdiler. Bu bolsa öýjükleriň ösmegine ýardam edýär.
Adamlarda ulanmazdan ozal, howpsuzlyk, dozalar we ýaramaz täsirler barada goşmaça barlaglary geçirmek zerurdyr.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......