Ýaponiýaly lukmanlar türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar

  • 19.11.2025 13:53
  • 4.4k+

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) ýörite maksatnamasynyň çäklerinde Fukuoka şäheriniň Kýuşu milli uniwersitetiniň klinikasynyň lukmanlary Türkmenistanda saparda bolup, ýerli hünärmenler bilen tejribelerini paýlaşýarlar. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Günüň dogýan ýurdundan gelen lukmanlar paýtagtymyzyň saglygy goraýyş edaralarynda bolup, olaryň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler. Şeýle hem olar saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen bilelikde hassalaryň saglygyny bejermek işine gatnaşýarlar. Aşgazan-içege ýollarynda häzirki zaman endoskopiki hirurgiýa amallaryny netijeli geçirmekde tejribeleriň alşylmagy ýerli lukmanlar üçin örän uly ähmiýete eýe boldy. Saglygy goraýyş işgärleri ornaşdyrylan öňdebaryjy lukmançylyk enjamlaryny keselleri anyklamakda, ýüze çykarmakda netijeli ulanmak babatda hem pikir alyşdylar.
18-nji noýabrda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň professor-lukmanlarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda häzirki zaman hirurgiýa bejeriş usuly bolan endoskopiki hirurgiýa ulgamynda gazanylanlary we olaryň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşmaga möhüm ähmiýet berildi. Maslahatda lukmançylygyň tyg ulanmazdan bejeriş usullary boýunça pikir alşyldy.

— Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralarynyň hereket edýändigine biz şu gezekki saparymyzyň dowamynda aýdyň göz ýetirdik. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýerli lukmanlar bilen bilelikde endoskopiki hirurgiýa amallaryny ýerine ýetirdik. Lukmançylyk bejerişinde täze anyklaýyş we bejeriş usullary yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynda iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň we usullaryň ornaşdyrylmagy bu ugurdaky işleriň ýokary netijeliligini we hilini gazanmaga ýardam edýär. Iki ýurduň arasynda gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Biz lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gatnaşýandygymyza diýseň şatdyrys — diýip, Kýuşu milli uniwersitetiniň klinikasynyň professory, endoskopiýa lukmany Tomohiko Mariama aýdýar.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......