Lancet: Aşa işlenen önümler adamyň ähli organlaryna diýen ýaly zyýan berýär

  • 26.11.2025 12:04
  • 8.5k+

"Lancet" lukmançylyk žurnalynda çap edilen birnäçe biologik gözlegler aşa işlenip taýýarlanan iýmitleriň adamyň ähli organlaryna diýen ýaly ýaramaz täsir edip bilýändigini we ikinji görnüşli süýji keseli we beýleki keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýandygyny görkezdi.

«Aşa işlenip taýýarlanan» iýmitlere çipsiler, gazly içgiler, ýarma (hlopek), tiz tagam (çalt taýýarlanýan iýmitler) we emeli reňkler hem-de tagam berijiler goşulan önümler degişlidir. Olary yzygiderli iýmek ýogyn içege ragynyň, Kron keseliniň (aşgazan-içege ýollarynyň dowamly çişmegi), bagyr meseleleriniň we metabolizm bozulmalarynyň döremek howpuny ýokarlandyrýar.
Täze ylmy gözlegleriň netijesinde, alymlar şeýle iýmitleri ruhy saglygyň ýaramazlaşmagy bilen hem baglanyşdyrdylar: olar kadaly uka päsgel berip, stres we howsala derejesini ýokarlandyryp bilýär.
Gözlegiň maglumatlaryna görä, aşa işlenip taýýarlanan iýmitleriň iýmit düzümindäki paýy bütin dünýäde artýar. ABŞ-da we Beýik Britaniýada bu önümler ähli ilatyň iýmitiniň 80%-e çenli ýetýär. Kanada, Günorta Koreýa, Meksika, Argentina we Hytaý ýaly beýleki ýurtlarda-da sarp edilişi artýar. Hytaýda bu paý häzirlikçe 20%-den az, ýöne gaty çalt ösýär.
Ýaňy-ýakynda başga bir ylmy makalada awstraliýaly alymlar aşa işlenip taýýarlanan iýmitleri yzygiderli ulanmak bilen baglanyşykly 32 sany aýratyn keseliň ýüze çykarylandygyny habar berdiler. Olaryň bahasy boýunça, şeýle önümler onlap dürli saglyk meselelerini, hem fiziki, hem-de ruhy (psihiki) taýdan döredip biler.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......