Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygyny gözden geçirdi

  • 28.07.2025 08:56
  • 21k+

26-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde gurluşygy batly depginde dowam edýän Arkadag şäheriniň metjidini synlady.

Häzirki döwürde metjidiň gurluşygyna ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan köp sanly adamlar haýyr-sahawat serişdelerini gönükdirip, sogap işe goşant goşýarlar. Bu bolsa ýagşy dessurlaryň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Hajy Arkadagymyz ynsanperwer ýörelgeleri ugur edinip, metjidiň gurluşygyna goşant goşýan adamlara öz minnetdarlygyny bildirdi we olaryň ýollarynyň açyk boljakdygyny, haýyr-sahawat serişdeleriniň öwezine Beýik Biribaryň rysgal-bereket eçilýändigini belledi we asylly işleriň hormatyna täze metjitde ediljek doga-dilegleriň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.
Metjitler musulman dünýäsiniň özboluşly ylym we bilim merkezleridir, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň aýdyň ýüze çykýan ýeridir. Metjidiň binasy Zeminde ýerleşse-de, senasy asmanda eşidilýändir. Ol biziň halkymyzda “Allanyň öýi” hasaplanýar. Şoňa görä-de, metjidiň gurluşygyna öz serişdeleriňden gatanç etmek örän sogaply işe dahylly bolmakdyr. Şeýle ynsanperwer, ýagşy işleriň berekedi başga bolýar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......