Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlige gözegçilik etmek üçin onlaýn platforma işe girizildi

  • 24.07.2025 14:45
  • 17k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylda kabul edişligiň ýagdaýyny beýan etmek üçin dalasgar.bilim.tm atly maglumat beriji web saýtyny işe girizdi. Bu barada ministrlikde habar berdiler.

Türkmenistanda ilkinji gezek okuwa kabul edişlik bilen baglanyşykly maglumatlaryň her gün täzelenip durýan interaktiw onlaýn platformasy döredildi. Bu saýt arkaly dalaşgärler her ýokary okuw mekdebindäki her hünär boýunça tabşyrylan resminamalaryň sany, berlen arzalaryň geografiýasy, taýýarlyk ugurlary boýunça bäsdeşligiň derejesi boýunça degişli maglumatlary alyp bilerler.

«Platforma dalaşgärlere öz bilim derejesini we okuwa girmek mümkinçiligini seljerip, hünär we ýokary okuw mekdebi saýlanyňda esasly karara gelmäge, resminamalaryň tabşyrylma depginini hakyky wagt düzgüninde yzarlamaga ýardam berer» - diýip, ministrlikde belläp geçdiler.

Bu maglumat ulgamynyň döredilmegi okuwa kabul edişligiň aç-açanlygyny we adalatlylygyny üpjün etmek, ýaşlara geljekki hünärini saýlamagynda düşünjeli goldaw bermek, bilim ulgamynda açyk maglumat gurşawyny emele getirmek maksadyna gönükdirilendir.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......