Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

  • 25.05.2026 20:48
  • 3.9k+

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly taslamalary we döwrebap tehnologiýalary köpçülige hödürledi.

Halkara forum öz innowasion çözgütleri bilen çykyş eden dünýäniň öňdebaryjy we ýerli kompaniýalaryň 180-den gowragyny bir ýere jemledi. Sergä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi hem gatnaşdy. Bu merkez sergä gatnaşyjylary häzirki wagtda orta mekdeplerde giňden ornaşdyrylýan we yzygiderli kämilleşdirilýän eMekdep sanly dolandyryş ulgamynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

eMekdep — onlaýn platforma bolup, onuň esasy maksady maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny işjeň ulanmak arkaly bilim bermegiň hilini gowulandyrmakdan ybarat. Bu döwrebap ulgam okuw we dolandyryş prosesini ýeňilleşdirip, bilim edaralarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar, mugallymlaryň hem-de ene-atalaryň okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirýär. Platforma mekdeplerde kagyz işini aňsatlaşdyrmaga, ata-eneler bilen bilim edarasynyň arasyndaky gatnaşygy bolsa täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär.

eMekdep ulgamy arkaly okuwçylaryň elektron gündelikleri we mugallymlaryň synp žurnallary ýöredilýär. Okuwçylar islendik ders boýunça öz bahalaryny we çärýeklik görkezijilerini synlap, sapak sypdyran ýagdaýlarynda hem geçilen temalary we öý işlerini onlaýn tertipde yzarlap bilýär. Bulardan başga-da, ulgamyň ýörite algoritmleri okuwçynyň bahalaryny seljerip, onuň haýsy derslere ukybynyň has ýokarydygyny ýa-da haýsy ugurlardan has köp zähmet çekmelidigini kesgitlemäge kömek edýär.

Şonuň bilen birlikde, platformanyň hödürleýän premium nyrhnamasy ene-atalara goşmaça artykmaçlyklary berýär. Bu nyrhnamanyň çäklerinde gündelik ýa-da hepdelik SMS habarlary, okuwçynyň gyzyklanma seljermesi, synp reýtingi we çärýeklik dinamikasy, yzygiderli alýan bäşlikleri hem-de ýykgyn edýän ugurlary baradaky seljermeler elýeterli bolýar. Şeýle-de premium ulanyjylar hepdelik deňeşdirme hasabatlaryny we ýörite teklipleri alyp, mugallymyň materialyna baha berip bilýär.

eMekdep ulgamy ýurtda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda we geljegiň intellektual şäher gurşawyny kemala getirmekde möhüm ädimleriň biridir.


13.06.2026 18:59
4.6k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.2k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6.7k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

12.06.2026 16:37
5.8k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......