Şweýsariýada Alsgeýmer keseline garşy dermanyň kliniki synaglary başlaýar

  • 30.07.2025 14:49
  • 2.8k+

Şweýsariýanyň Roche farmasewtika kompaniýasy Alsgeýmer keseline garşy derman serişdesiniň kliniki synaglarynyň başlandygyny yglan etdi. Bu barada kompaniýanyň beýanyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berdi.

“Trontinemab” atly derman serişdesi kognitiw funksiýalary peselmek töwekgelçiligi bolan hassalar üçin niýetlenýär. Onuň aýratynlygy, adatça, himiki maddalaryň beýnä düşmegine päsgel berýän gematoensefalik böwetden geçip bilmegidir.
Ylmy gözlegçiler derman serişdesiniň Alsgeýmer keseliniň alamatlarynyň ýüze çykmagyny haýalladyp ýa-da öňüni alyp biljekdigini anyklamak isleýär. Bu hroniki kesel intellektual başarnyklary peseldip, ilkinji nobatda, ýadyň bozulmagyna getirýär. Ol beta-amiloidleriň we tau-beloklaryň beýnä zäherleýji täsiri bilen baglanyşyklydyr.
Roche geçenki synaglaryň dowamynda “Trontinemabyň” beýnide amiloidiň ýygnanmagynyň derejesini peseldendigini habar berdi. 3,6 mg/kg dozasyny alan gatnaşyjylaryň 81%-inde beta-amiloidiň derejesi 28 hepdäniň içinde 24 sentroid çäginden aşak düşdi (gürrüň 26 gatnaşyjydan 21-isi barada).
“Trontinemab” kompaniýanyň amiloidleriň derejesini peseltmäge gönükdirilen başga bir derman serişdesi “Gantenerumabyň” täze wersiýasydyr. Ýöne öňküsi keseliň nesil yzarlaýan görnüşi bolan hassalarda kognitiw bozulmalaryny haýalladyp bildi.
Bazarda eýýäm Eisai, Biogen we Lilly kompaniýalaryndan tassyklanan antiamiloid serişdeleri bar, ýöne olar gymmat we beýnide çişiň döremegine hem gan inmegine getirip biler diýip, Reuters belleýär.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......