Nýu-Ýork TikTok-y we Instagram-y psihiki saglyk üçin zyýany barada ulanyjylara duýdurmaga borçlandyrdy

  • 01.01.2026 18:42
  • 7.9k+

Nýu-Ýork ştaty birnäçe sosial ulgamlary ulanyjylara olary ulanmagyň psihiki saglyk üçin zyýanly bolup biljekdigi barada duýdurmaga borçlandyrýan kanuny kabul etdi. Resminama onlaýn-platformalara gözegçiligi güýçlendirmek boýunça has giň halkara tendensiýasynyň bir bölegi boldy.

Ozal Awstraliýa 16 ýaşdan kiçiler üçin YouTube, TikTok ýaly sosial ulgamlara girişi çäklendiripdi. Indi şeýle ädim iň uly amerikan ştatlarynyň birinde-de kabul edildi.
Täze talaplar üznüksiz kontent lentasy we wideony awtomatik goýbermek funksiýasy bolan sosial ulgamlara degişlidir. Olaryň arasynda TikTok, Instagram, YouTube we beýleki platformalar bar.
Nýu-Ýork ştatynyň gubernatory Keti Hokulyň belleýşi ýaly, «ýaş adamlaryň ýarysy diýen ýaly sosial ulgamlaryň olary öz bedenine erbet garamaga mejbur edýändigini nygtaýar, sosial ulgamlary has işjeň ulanýan ýetginjekler bolsa iki esse ýygy-ýygydan öz psihiki saglygyna erbet ýa-da örän erbet diýip baha berýär.
Duýduryşlar ähli ulanyjylar üçin görkezilmeli. Öçürilip ýa-da sypdyrylyp bilinmeli däl. Talaplaryň berjaý edilmezliginiň her bir tassyklanan ýagdaýy üçin kompaniýalara 5 müň dollara çenli möçberde jerime salynýar. 


düýn 12:08
5.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......