Ispaniýanyň häkimiýeti kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial ulgamlary gadagan etmäge taýýarlanýar

  • 04.02.2026 16:56
  • 3.9k+

Ispaniýada 16 ýaşdan kiçi ýetginjekler üçin sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etmek meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň premýer-ministri Pedro Sançes Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen sammitde aýtdy diýip, The Guardian neşiri habar berýär.
«Ispaniýa 16 ýaşdan kiçi bolan kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial ulgamlara elýeterliligi gadagan eder. Platformalar diňe bir "bellik" goýmak däl-de, eýsem ýaşy barlamagyň netijeli ulgamlaryny ornaşdyrmaga borçly bolar» diýip, Pedro Sançes belledi.
Ol Ispaniýanyň «Sanly tehnologiýalara taýýar bolan ýurtlaryň koalisiýasy» atly başlangyjyň çäklerinde Ýewropanyň beýleki bäş döwletine goşulandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu birleşik sanly ulgamda hereketleri utgaşdyrmak we serhetüsti kadalaşdyryş düzgünlerini berjaý etmek üçin döredildi. Premýer-ministr beýleki ýurtlaryň atlaryny agzamady.
Mundan ozal, şeýle çäklendirmeler Awstraliýada hem girizilipdi. Geçen ýylyň dekabrynda ol ýerde 16 ýaşyna ýetmedik ýetginjeklere sosial ulgamlarda akkaunt açmagy gadagan edýän kanun güýje girdi. Fransiýada hem şuňa meňzeş çärelere taýýarlyk görülýär. Ýurduň Milli ýygnagy (parlamentiň aşaky palatasy) birinji okaýyşda 15 ýaşyna ýetmedik çagalar üçin sosial ulgamlara girmegi gadagan edýän kanun taslamasyny tassyklady.


19.06.2026 19:38
668

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......