Instagram Live-göni ýaýlym üçin çäklendirmeleri girizdi

  • 07.08.2025 16:15
  • 2.4k+

Instagram göni ýaýlymlar üçin täze çäklendirmeleri girizdi: indi açyk akkauntlary bolan ulanyjylar we azyndan 1000 abonenti bolanlar göni ýaýlymda çykyş edip biler. TechCrunch-iň habar bermegine görä, sosial ulgam üýtgeşmeleri resmi taýdan tassyklady.

Ondan öň  Live-režim, abonentleriniň sanyna ýa-da akkauntynyň derejesine  garamazdan, ähli ulanyjylar üçin elýeterlidi. Täze düzgünler şahsy profilleriň we uly bolmadyk akkauntlaryň eýeleri üçin ýaýlyma goýbermek mümkinçiligini aradan aýyrýar. Ulanyjylar ýaýlyma başlamaga synanyşanlarynda, olar munuň talaba laýyk däldigi baradaky habarnamany alýarlar.

"Biz mazmunyň hilini ýokarlandyrmak üçin, göni ýaýlymda hyzmat şertlerimizi täzeledik" – diýip, Instagram-yň wekilleri mälim etdiler.

Çäklendirmeler ulanyjylaryň arasynda, esasanam, az sanly tomaşaçy bilen aragatnaşyk saklamak üçin ýaýlym ulanýanlaryň arasynda nägilelik döretdi. Ulanyjylaryň köpüsi platformany öňki düzgünine getirmäge çagyrýarlar.
Bilermenler täze talaplaryň TikTok-daky bilen meňzeşdigini belleýärler, onda-da ýaýlymlar üçin azyndan 1000 abonentiň bolmagy talap edilýär. Deňeşdirmek üçin, YouTube-da ýaýlymlara başlamak üçin diňe 50 abonentiň bolmagy ýeterlik.
Instagram üýtgeşmeleri ýaýlymlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin edilýän tagalla hökmünde düşündirýär, ýöne jikme-jiklikleri bermeýär. Seljerijiler munuň hem Meta-nyň çeşmeleriniň optimizasiýasy bilen baglanyşykly bolup biljekdigini çaklaýarlar, sebäbi az tomaşaçy bilen ýaýlymlary goldamak hyzmat çykdajylaryny talap edýär.


19.06.2026 19:38
671

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....