Instagram ýetginjekleriň dürli temalardaky gözlegleri boýunça ata-enelere goldaw funksiýasyny girizmekçi

  • 28.02.2026 10:20
  • 2k+

Instagram-da ýetginjekleriň özüne zeper ýetirmek ýa-da şoňa meňzeş beýleki howply ýagdaýlar bilen bagly temalar boýunça maglumatlary gözleýändikleri barada ata-enelere duýduryş berýän täze funksiýa peýda bolar. Täzelik ata-ene gözegçiligi işjeňleşdirilen ýetginjekleriň akkauntlary üçin niýetlenendir.

Sosial ulgam duýduryş bilen bilelikde hossarlara ýörite gollanma ugradar. Onda psihologlaryň ýetginjek bilen bu temalary nähili dogry we erkin ara alyp maslahatlaşmalydygy hakyndaky maslahatlary ýerleşdirilendir. Funksiýany mart aýynyň başyndan işe girizmek meýilleşdirilýär.

Täzelenme ilki bilen ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Awstraliýada we Kanadada elýeterli bolar. Geljekde kompaniýa täze opsiýanyň işlejek ýurtlarynyň sanawyny has-da giňeltmegi meýilleşdirýär.

Kompaniýa ulgamyň alada etmäge sebäp bolmadyk ýagdaýlarda hem işläp biljekdigini belleýär. Bu hakda kompaniýanyň habarnamasynda «Käwagt alada etmäge sebäp ýok hem bolsa, ata-enelere duýduryş berlip bilner. Esasy zat, biz munuň dogry başlangyçdygyna ynanýarys we bilermenler hem bizi goldaýar. Ähli zady dogry alyp barmak üçin seslenmelere gulak asmagy dowam ederis» diýlip bellenilýär.


04.06.2026 19:43
4.3k+

Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......

02.06.2026 13:03
4.2k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

01.06.2026 20:27
3.8k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......