Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

  • 04.06.2026 19:43
  • 4.4k+

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda gündelik aýdylýan sözleriň sany ep-esli azalypdyr.

Awtorlar 2005-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli geçirilen 22 barlagyň maglumatlaryny seljerdiler. Olaryň hasaplamalaryna görä, her ýyl aýdylýan sözleriň ortaça sany gündelik 338 söz azalypdyr. Hasaplap görlende, bu ýylda 120 000 töweregi söz bolýar.

Barlagçylar gündelik gepleşikde ulanylýan sözleriň ortaça möçberiniň takmynan 28% - günde 16,600-den 11,900 söze çenli azaldygyny belleýärler. Bu möçber kiçeňräk romanyň teksti bilen deňeçer bolup bilner.

Bu tendensiýanyň heniz anyk düşündirişi ýok. Mümkin bolan sebäpleriň arasynda alymlar sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen baglanyşykly aragatnaşyk usullarynda peýda bolan üýtgeşmeleri görkezýärler.

Perspectives on Psychological Science žurnalynda çap edilen barlagyň awtorlarynyň pikirine görä, dilden gepleşigiň işjeňliginiň pese gaçmagyna smartfonlaryň, SMS-leriň, derrew habarlaşma programmalarynyň we uzak aralykdan işlemek ýaly köp sanly tehnologiýalaryň täsir eden bolmagy mümkin. Janly aragatnaşyk kem-kemden SMS-ler, reaksiýalar, emojiler we stikerler bilen çalşyrylýar.

Bilermenler munuň has giňişleýin öwrenilmegi talap edýän tendensiýadygyny nygtaýarlar. Olar janly gepleşigiň seýrekleşmeginiň sanly döwürde sosial gatnaşyklaryň usullarynda giň gerimli üýtgeşmäniň bardygyny şöhlelendirýändigini inkär etmeýärler.


19.06.2026 19:40
2.9k+

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 23:05
2.8k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......