Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

  • düýn 20:27
  • 1.6k+

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň tutuş 9 aý okap, 3 aý dynç alşa çykýan pasly» diýýärsiňizmi? Hawa, dogry aýdýarsyňyz. Ýöne şeýle diýip, olaryň üç aýlap ýolda-yzda bimany aýlanyp ýörmeklerine ýol bermek bolarmy? Ýok, beýtmek welin, nädogry.

Tomusda çagalar näme bilen meşgullansa gowy boljakdygy hakyndaky gürrüňe biz – 2-nji synpyň ejeleri has öňräk başladyk. Mekdepden çagalarymyz çykýança ejeler bolup, bu hakda herimiz öz pikirimizi aýtdyk. Gelinleriň biri gyzyny gönümel, hut dynç alşa çykan gününiň ertesi okuw merkezleriniň birine gatnadyp başlajakdygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, çagany okuwdan sowatsaň, soň kyn bolýar.

Göwnüme, onuň aýdýanlary dogry ýaly duýuldy.

Başga bir gelin bolsa ogluna hiç hili azar bermejekdigini, ony isledigiçe ýatyryp, mekdebe gitmek üçin üçin ir turmaly bolan günleriniň öwezini doljakdygyny ýaňzytdy. Şolbada gyzjagazymyň turasy gelmän turany üçin gözüni owkalap, entirekläp, ýüzüni ýuwmaga gidip barşy göz öňüme geldi-de, öz ýanymdan «Menem gyzymy şeýderin» diýip içimi gepletdim.

Ýöne gelinleriň ýene biriniň aýdany-da bimany däl ýaly göründi. Ol gelin çagasyny oba – enelerine ugradyp, özi şäherde galjak ekeni. «Goý, dogan-garyndaşlaryny tanasyn, öwrenişsin hem biraz öýi küýsesin» diýen gelinden «Birden baga-ýenä dyrmaşyp, ýykylar ýa başga bir zatlar bolar öýdüp gorkaňokmy?» diýip soramda «Hiç-le, çagadyr-da, şeýdip adam bolmaly olar» diýen jogaby aldym.

...Ine-de men sansyz sowallaryň arasynda. Çaganyň tomusky tertibi nähili bolmaly? Öňem okuwdan ýadap dynç alşa çykan çagany ýene okatmalymy, ýa günuzyn ýatyryp, göwün solpusyndan çykarmalymy? Ýa-da bolmasa, gözüň alnyndan daş hem bolsa, «durmuşy öwrensin» diýip, uzakdaky dogan-garyndaşlaryna gezmäge ugratmalymy?

Aslynda bu meselä her çaganyň aýratynlygyny, gylyk-häsiýetini göz öňünde tutup çemeleşmek dogry bolsa gerek. Meselem, käbir çaga alçak, köpçüligi gowy görýär. Beýle çagany çagalaryň tomusky dynç alyş merkezlerine-de alada etmän ugradyp bolar. Käbir çaga bolsa özüni maşgalasynyň arasynda erkin duýsa-da, ýat ýerlerde düýbünden tersine. Beýle çagany biraz özüni tutup, jemgyýete öwrenişýänçä, göz öňüňden uzaga goýbermäniňden, goýberseňem, iki ýa üç sagatlyk okuw merkezlerine gatnadanyňdan gowusy bolmasa gerek. Çagalaryň arasynda has hamrak, hossarçyllaram bolaýýar. Beýle çagalary, hälki gelinleriň biriniň aýdyşy ýaly, «adam bolmak üçin» oba ugratsaňam, ýalňyşmarsyň.

Çaga psihologlaryň ýazýanlaryny okasaň-a, olaryň köpüsi edil dilleşen ýaly, tomus dynç alşa çykan çagalara biraz ýazylganlyk berip, olary irdenki ukynyň lezzetini alarlary ýaly aga-ýana ýatyrmagy, az-kem göwün söýlänleriçe ýaşatmagy maslahat berýärler. Iň bolman, iki hepde. Onsoň, galanyny çaganyň özi bilen masahatlaşyp, islegine görä, çözübem bolar. Ýöne iň esasy zat, çagany dynç almakdan ýaltalyga geçirmän wagtynda peýdaly güýmenjelere ugrukdyrmak. Häzirki wagtda dünýä boýunça çagalaryň gadžetlerdir kompýuter oýunlaryna güýmenmäge köp ýykgyn edýän döwründe, olary bu howpdan has ünsli goramak gaýragoýulmasyz derejede möhüm.

Tomusky dynç alyş bir hepde ýa bir aý däl. Ol tutuş üç aý. Üç aýyň içinde, çaganyň özi bilen göwneşip, ýokarda aýdylan görnüşleriň ählisini-de durmuşa geçirmek bolardy.

Elbetde, çaganyň özünden onuň näme isleýändigini sorap...

Tmcars.info üçin taýýarlan: Aýgül Garaýewa


30.05.2026 07:40
3.7k+

50 ýyllyk gözegçilikler ýekebara ene-atalaryň bagtlylyk we durmuşdan kanagatlanma derejesini görkezdi

Ýekebara ene-atalar ortaça durmuşdan kanagatlanma derejesiniň är-aýal jübütlerine garanyňda pesdigini, ýöne güýçli sosial goldaw bolan ýagdaýynda, olar çagasyz ýalňyz adamlar bilen deňeşdireniňde, özlerini......

29.05.2026 11:53
3.8k+

Bagyşlamak beýnini agyryly ýatlamalary "redaktirlemäge" mejbur edýär

"Bagyşlamak we unutmak" diýen meşhur jümle hakykaty görkezmeýär – bu iň bolmanda ylmy nukdaýnazardan şeýle. Amerikaly neýrobiologlaryň Emotion ylmy žurnalynda çap edilen täze barlagy kimdir birini......

26.05.2026 19:25
2.4k+

Ululardan tötänleýin eşiden gürrüňleri çaganyň bilesigelijiligine täsir edýär

Çagalar tebigaty boýunça örän bilesigeliji bolýarlar, ýöne ýaşyň ulalmagy bilen olar bir zada düşünmänlerinde dymmagy saýlap alýarlar. Child Development atly abraýly ylmy žurnalda çap edilen täze halkara......

26.05.2026 06:07
2.5k+

«Collider» neşiri soňky 20 ýylyň iň gowy psihologik triller filmlerini saýlady

«Collider» neşiri soňky 20 ýylyň dowamynda ekrana çykan iň gowy 10 sany psihologik trilleriň reýtingini neşir etdi. Sanawyň birinji ornuny režissýor Kristofer Nolanyň «Başlangyç» (Inception, 2010) filmi......