Instagram basym Reels-e linkleri goşmak mümkinçiligini elýeterli etmekçi

  • 10.04.2026 19:09
  • 3.3k+

Instagram täze funksiýany - Reels wideolaryna hyzmatdaşlyk linklerini goşmak mümkinçiligini elýeterli etjekdigini duýdurdy. Bu barada resmi Creators akkaundy yglan etdi.

Bu täzeligi birnäçe hepdäniň içinde ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Linkler wideolardaky önümleri bellemek üçin ulanylar, bu bolsa mazmunyň awtorlaryna satyn alyşlardan komissiýa almaga mümkinçilik berer.

Mundan öň, mart aýynda platforma suratlary we wideolary çap edilenden soň hem karuselde gaýtadan tertiplemek mümkinçiligini goşdy. Karusel - bu bir ýazgyda 20-ä çenli suraty we wideony birleşdirip, çepe süýşürip bolýan formatdyr. Bu format köplenç saýlama ýygyndylar ýa-da suratlar toplumy üçin ulanylýar. Öň çap edilenden soň materiallaryň tertibini üýtgedip bolmaýardy.

Geçen ýylyň ýanwar aýynda Instagram profilleriň daşky görnüşini hem üýtgetdi: kwadrat tor gönüburçly prewýu bilen çalşyryldy. Munuň sebäbi çap edilýän suratlaryň we wideolaryň köpüsiniň indi dikligine goýulmagydyr.


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.7k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
957

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......