Instagram Google TV-li telewizorlarda işläp başlady

  • 26.02.2026 16:20
  • 2.1k+

Instagram programmasy ABŞ-da Google TV ulgamynda işleýän enjamlaryň eýeleri üçin elýeterli boldy. Bu täzelik dekabr aýynda hyzmatyň Amazon Fire TV platformasynda peýda bolmagyndan soňra amala aşyryldy.

Täze programma üpjünçiligi Reels wideolaryny we esasy täzelikler akymyny gönüden-göni telewizor ekranlarynda görmäge mümkinçilik berýär. Ulanyjy interfeýsi telewizorda dolandyrmak üçin ýörite uýgunlaşdyrylandyr we şahsyýetlendirme aýratynlygyna eýedir: ulgam mazmuny adamyň gyzyklanmalaryna we agza bolan sahypalaryna esaslanyp saýlaýar.
Programmanyň funksionallygy wideolaryň awtomatiki usulda goýberilmegini goldaýar, şeýle hem "haladym" (like) belgisini goýmaga, teswir ýazmaga we wideolary beýleki ulanyjylara ugratmaga mümkinçilik berýär.
Täze platforma çykmak Instagram-yň YouTube we TikTok bilen bäsdeşlik etmek strategiýasynyň bir bölegidir. Kompaniýa uly ekranly enjamlarda media mazmunyny sarp etmegiň alternatiw formatyny hödürleýär.


03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.7k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
986

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....