Instagram baryp kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň işjeňliginiň artandygyny hasaba alypdyr

  • 05.03.2026 14:43
  • 1.8k+

Instagram kazyýet işleriniň dowamynda ýetginjekleriň arasyndaky işjeňligiň ösüşini ünsli yzarlap, olara ileri tutulýan auditoriýa hökmünde garapdyr. Häzirki wagtda dowam edýän kazyýet işleriniň çäginde mälim edilen täze resminamalar muňa şaýatlyk edýär.

Işiň materiallaryna görä, platforma ýetginjekleriň ýokary işjeňliginden habarly bolupdyr we olary bilkastlaýyn esasy ulanyjy topary hökmünde kabul edipdir. Bu maglumatlar sosial ulgamlarynyň ýaşlara ýetirýän täsiri baradaky dowam edýän jedelleriň çäginde aýan boldy.

Meta kompaniýasynyň içki statistikasy 2023-nji ýylda ýetginjekleriň programmada günde takmynan 40 minut sarp edendigini görkezýär. 2026-njy ýyla çenli bu görkeziji 46 minuda çenli ýokarlandy. Käbir resminamalar ýetginjek auditoriýasy bilen işlemegiň Instagramyň esasy ileri tutýan ugurlarynyň biridigini tassyklaýar.

Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň ýaşy barlamak üçin ulanyjylardan doglan senesini sorap başlamagy, diňe ýaş ulanyjylara güýçli üns berlip başlanandan soň amala aşyryldy. Bu bolsa platformanyň kämillik ýaşyna ýetmedikleri goramak baradaky çemeleşmesi boýunça soraglary döredýär.


19.06.2026 19:38
638

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....