Instagram-da teswirleri redaktirlemek funksiýasy peýda boldy

  • 18.04.2026 15:21
  • 1.1k+

Instagram ulanyjylary öz teswirlerini ýazandan soň, olara düzediş girizmek mümkinçiligine eýe boldy. Täze funksiýa teksti doly öçürmezden we täzeden ýerleşdirmezden, ýalňyşlary düzetmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, teswiri ýerleşdirilenden soň 15 minutyň dowamynda üýtgedip bolýar. Bu wagtyň içinde ulanyjy hem harp ýalňyşlaryny düzedip, hem-de ýazgynyň üstüni ýetirip ýa-da ony gysgaldyp biler. Şol aralykda girizilýän düzedişleriň sanyna hiç hili çäklendirme ýok.

Bu funksiýadan peýdalanmak üçin ýerleşdirilen teswiriň ýanyndaky «Redaktirlemek» düwmesine basmaly. Üýtgetmeler girizileninden soň, ýazgynyň aşagynda onuň redaktirlenendigi barada bellik peýda bolar.

Ozal ýalňyşlary düzetmek üçin ulanyjylar teswiri öçürmeli we täzeden ýazmaly bolýardy.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl platformanyň her aýdaky işjeň ulanyjylarynyň sany 3 milliard adamdan geçdi. Redaktirlemek funksiýasynyň girizilmegi ýalňyşly teswirleriň sanyny azaltmaga ýardam edip biler.


30.09.2023 17:20
4.7k+

Meta Instagram, Facebook we WhatsApp üçin emeli intellekte esaslanýan çat-boty hödürledi

Meta amerikan kompaniýasy her ýyl geçirilýän Connect konferensiýasynda Instagram, Facebook we WhatsApp önümleri üçin emeli intellekte (EI) esaslanýan çat-boty anons etdi. Bu barada Financial Times habar berýär...

şu gün 10:51
72

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
3.9k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......