Meta Instagram, Facebook we WhatsApp üçin emeli intellekte esaslanýan çat-boty hödürledi

  • 30.09.2023 17:20
  • 4.7k+

Meta amerikan kompaniýasy her ýyl geçirilýän Connect konferensiýasynda Instagram, Facebook we WhatsApp önümleri üçin emeli intellekte (EI) esaslanýan çat-boty anons etdi. Bu barada Financial Times habar berýär diýip, Interfax.ru belleýär.

Bot Microsoft-dan Bing gözleg ulgamynyň kömegi bilen soraglara jogap gözläp biler we görkezilen parametrlere laýyklykda ol ýa-da beýleki bir şekili döredip biler.
Şeýle-de, ulanyja öz keşpleriniň we sesleriniň ulanylmagyna razy bolan dürli meşhur adamlaryň – aýratynam, türgenleriň, sazandalaryň we wideo blogerleriniň wirtual nusgalary bolan 28 sany özboluşly EI-kömekçisinden saýlama elýeterli bolar.
Mundan başga-da, Meta işläp düzüjilere Instagram-a, Facebook-a we WhatsApp-a soňraky integrasiýa üçin hususy çat-botlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini habar berdi.
Şeýlelik bilen, kompaniýa bu platformalaryň çäklerinde ulanyjylaryň gatnaşygyny artdyrmaga we generatiw emeli intellektiň okgunly ösüşinden peýda almaga çalyşýar.
Çat-botdan başga-da, Meta Apple-den Vision Pro gurluşy bilen bäsleşjek wirtual we üsti ýetirilen hakykat garniturasy Quest 3-i hödürledi. 499,99 dollar bahaly täze gurluş oktýabrda satuwa çykarylar.
Konferensiýanyň ýene bir wakasy indi Instagram-da we Facebook-da göni ýaýlymy alyp barmaga mümkinçilik berýän indiki nesliň Ray-Ban Meta Smart Glasses äýnekleri boldy. Öňki wersiýalar ýaly, täze model fotosuratlary düşürip we wideorolikleri ýazyp bilýär. Akylly äýnekleriň bahasy 299 dollardan başlaýar.


düýn 23:56
1.6k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

10.06.2026 11:10
798

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 09:45
1.5k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....