Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

  • 13.03.2026 16:15
  • 1.7k+

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar.

Kazyýet işi Meta bilen Niderlandlaryň sanly hukuklary goraýjy «Bits of Freedom» guramasynyň arasynda ýüze çykdy. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Amsterdamyň okrug kazyýeti Facebook-yň we Instagram-yň käbir iş aýratynlyklarynyň Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygyny bozýandygyny anyklap, kompaniýa ilki bilen 5 million ýewro jerime kesipdi.

Esasy nägilelik ulanyjylaryň habarlar lentasynyň sazlamalary bilen baglanyşykly boldy. Kazyýet ulanyjy tarapyndan saýlanan mazmuny görkezmek usulynyň (meselem, täze goýulan materiallaryň yzygiderliligi) hemişelik saklanmandygyny anyklady. Bölümleriň arasynda geçilende ýa-da programma täzeden açylanda, ulgam awtomat usulda ýene-de algoritmleriň maslahat berýän lentasyna dolanyp barýar.

Kazyýet Meta-ny bu kemçilikleri iki hepdäniň içinde düzetmäge borçly etdi. Kompaniýanyň hem öz tarapyndan eden şikaýatyna garamazdan, 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda kazyýet talaplarynyň iň giç galanda 31-nji dekabra çenli ýerine ýetirilmegini buýurdy.

Kazyýetiň maglumatlaryna görä, üýtgetmeleriň köpüsi eýýäm girizildi, emma käbir talaplar heniz hem doly ýerine ýetirilmän galýar. Şol sebäpli kazyýet maliýe basyşyny artdyrmak kararyna geldi we jerime möçberini 10 million ýewro çenli galdyrdy.

Meta özüniň başdaky käbir garşylyklaryndan ýüz öwürse-de, başlangyç karar bilen ylalaşmaýandygyny we meseläniň täzeden garalmagyna synanyşjakdygyny bildirýär.


19.06.2026 19:38
638

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......